Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda il-bähbitli , ýurt ähmiýetli alnyp barylýan her bir tutumly işler geljekki ýaş nesilleriň ylymly-bilimli , giň dünýägaraýyşly kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrundaky aladalaryň aýdyň mysalydyr. Ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamyna berilýän üns aýratyn bellärliklidir. Biz ýaş nesilleriň ylymly-bilimli kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin gurulýan ak mekdepleriň , ýokary okuw jaýlarynyň sany günsaýyn artýar. Gurlup ulanylmaga berilýän desgalar kämil tehnologiýalar we gymmatly okuw gollanma kitaplary bilen doly üpjün edilýär.
Ýurdumyzyň raýatlaryny bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekde,olarda sadalyk , päklik, mähribanlyk, sahawatlylyk ,sowatlylyk,hoşniýetlilik, watansöýüjilik,ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýoluna wepalylyk duýgularyny oýarmakda döwletimiziň ylym ,bilim medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan syýasaty durmuşa geçirmäge gatnaşmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleri çäksizdir . Düzümi we mazmuny örän baý bolan kitaphana gaznasyny bir asyrdan-da gowrak wagtyň içinde özünde jemläp gelýän ýurdumyzyň baş kitaphanasy bolan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy öz öňünde goýlan maksatlary talabalaýyk we ýokary derejede guramak boýunça tutanýerli işleri amala aşyrýar .
Taryhy geçmişimizden bilşimiz ýaly , dünýäniň ähli halklary kitaba uly sarpa goýup, ony durmuşyň bezegi , ýaşaýşyň manysy hasaplapdyrlar. Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan ata-babalarymyzyň arasynda hem sowatly , kitaphon adamlar , danalar , akyldarlar kän bolupdyr. Kitap her bir zamanda-da halkyň gündelik durmuşynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Akyl hazynasy hasaplanýan kitap adamyň tutuş süňňüne , kelle beýnisine , bedenine täsirini ýetirýän ruhy gymmatlykdyr. Kitap okamak adama dynç berýär, ruhyny baýlaşdyrýar, dünýägaraýşyny giňeldýär. Kitaplara danalaryň , akyldarlaryň pähim-paýhasy siňipdir. Belli fransuz ýazyjysynyň “Gowy ýazýan ýazyjyny okap , gowy gürlemäge endik edersiň” diýen sözleri her kitap gatyny açanymda hakydama gelýär.
Dogrudan-da , kitap okap örän köp ýagşy gylyk-häsiýetleri öwrenmek bolýar. Kitaby köp okaýan adamyň aňy ýitileşýär, sowatlylyk derejesi gitdigiçe artýar, kämil sözleýşe ymtylýar, asylly we saýhally bolmaklyga çalyşýar. Hormatly Prezidentimiz “Paýhas çeşmesi ” atly kitabynda “Kitap okan gullar manydan dokdur” diýip örän jaýdar belleýär.
Umuman , kitaplar adamy köpugurly bilim bilen kämilleşdirýär. Emma beýik ýazyjy Mark Tweýniň “Gowy kitap okamaýan ynsan – hiç bir kitap okamaýan bilen deň” diýip aýdyşy ýaly , her bir ynsan özüne peýdaly boljak kitaby okamagy zerurdyr. Kitap dünýäsi ägirt we giň , munda ähli ynsanyň göwnüni galkyndyryp, ruhy lezzet berip biljek jadylaýjy güýç bar. Çünki durmuşyň manysy , ýaşaýşyň özeni kitaplarda jemlenendir.
Bägül Begenjowa
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Durmuş ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň
Žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler