Hemişelik Bitaraplyk – parahat durmuşyň beýany

Ösüşler ýoly bilen öňe barýan eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýöredýän hoşniýetli içeri we daşary syýasatynyň bir-biri bilen utgaşykly, örän sazlaşykly alnyp barylmagy netijesinde ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy günsaýyn artýar. Ýurdumyzda syýasy jemgyýetçilik ýagdaýyň durnuklylygy, ýurt asudalygy, jemgyýetiň jebisligi, halkymyzyň agzybirligi, milli ykdysady ösüşiniň has-da öňe ilerlemegi, ilatyň durmuş şertleriniň ýokarlanmagy, raýatlaryň erkinliginiň, azatlygynyň, hukuklarynyň kanun esasynda berkidilmegi parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýaly ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatynyň dabaralanmasynyň kepili bolup hyzmat edýär. Döwletimiz Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barmak bilen, goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitlik, deňhukuklylyk, parahatçylyk söýüjilik, özygtyýarlygyna hormat goýmak, taraplara ähmiýetli gatnaşyklar esasynda netijeli hyzmatdaşlyklary ýola goýdy.

Hemişelik Bitaraplyk – türkmen döwletiniň berkararlyk sütünleriniň biridir. Özüniň Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, Türkmenistan dünýäniň ençeme ýurtlary bilen diplomatik aragatnaşyk saklaýar we  halkara guramalarynyň hem agzasy bolup durýar. Daşary döwletlerde ençemesinde Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary hereket edýär. Öz gözbaşyny türkmeniň medeni mirasyndan alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk derejämiziň sözüň doly manysynda nusgawy Bitaraplykdygyny we onuň Ýer ýüzünde giňden dabaralanýandygyny döwür aýdyň subut edýär.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda belleniljek Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllyk toýy Watanymyzyň taryhynda möhüm senedir, daşary syýasatynyň möhüm tapgyrydyr. Çünki Bitaraplyk derejämiz – mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza ruhy güýç berýär, döwletimiziň okgunly ösüşiniň özeni bolan ylymly-bilimli ýaşlaryň kemala gelmeginiň kepili bolup durýar.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahat, asmanymyz arassa bolsun! Bitaraplyk ýörelgämiziň dünýä nusgalyk bolmagynda tagallalar edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Alyp barýan döwletli işlerinde mydama rowaçlyklar ýaran bolsun!

Begenç MÄLIKBERDIÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok