Ekologiýa medeniýetini öwretmegiň ylmy çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň ylmy maglumatlara baý bolan we durmuş meseleleriniň çözgütlerini beýan edýän kitaplary ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň däwrebap kämilleşdirilmeginde, ýaşlara ekologiýa medeniýetiniň we biliminiň öwredilmeginde esasy orny eýeleýär. Medeniýet düşünjesi jemgyýetde kemala gelen özara gatnaşyklaryň derejesini, özüňi alyp barmagyň ykrar edilen edep kadalarynyň we nusgalarynyň ulgamyny, her bir nesliň durmuş tejribäni özleşdirmegi arkaly medeni gymmatlyklary geljekki nesillere geçirmegiň usulyny aňladyp, ýaş nesli terbiýelemek we bilim bermek ýaly möhüm wezipeleri hem öz içine alýar. Şoňa görä-de, durmuşyň dürli ugurlaryndaky, şol sanda daşky gurşawy goramakdaky özgerişler hem  adamlaryň umumy medeniýetiniň derejesi bilen kesgitlenip bilner. Ekologiýa medeniýeti adamlaryň tebigaty, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny kabul edişiniň derejesini, her bir adamyň dünýäde öz eýeleýän ornuna baha berip bilmegini hem-de onuň dünýä bolan gatnaşygyny aňladýar. Häzirki döwürde adamyň we tebigatyň sazlaşykly gatnaşygyny ösdürmekde orta we orta hünärment hem-de ýokary okuw mekdeplerde ýaşlara ekologiýa medeniýetiniň döwrebap öwredilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren kitaplarynda hem milli mirasymyza we ylmyň, tehnologiýanyň gazanan täze üstünliklerine eýerip, ekologiýa medeniýetini ösdürmek arkaly türkmen tebigatyny goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak meseleleriniň çözgütlerine uly orun berilýär.    

Tebigy biologiki baýlyk hökmünde ösümlikler biosferada janly organizmleriň ýaşaýşyny şertlendirýän köp sanly möhüm ekologiýa wezipeleri ýerine ýetirýärler. Türkmenistanyň baý ösümlik dünýäsi pes we ýokary derejeli ösümlikleriň 7 müň 64 görnüşini öz içine alyp, olar ýurdumyzda daşky gurşawyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde, halk hojalygynda, ilatymyzyň sagdyn ýaşamagynda we iýmitlenmeginde kesgitleýji orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ösümlikleriň organiki dünýä bilen organiki däl dünýäniň arasynda sazlaşygy ýerine ýetirýändigi baradaky ylmy maglumatlar olaryň tebigatda ýerine ýetirýän wezipelerine akyl ýetirmegiň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ösümlikleriň topragyň we suwuň organiki däl serişdelerinden, howadan we kömürturşy gazyndan Gün energiýasynyň täsiri netijesinde beýleki organizmler üçin zerur bolan organiki maddalary döredýändikleri görkezilýär. Ösümlikleri dermanlyk çig maly hökmünde peýdalanmagyň ylmy esaslaryna aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda ösýän we halk lukmançylgynda ulanylýan 2 müňe golaý dermanlyk ösümlikleriň ösüşiniň işjeň maddalary köp toplaýan döwründe dermanlyk häsiýetiniň ýokary bolýandygy, ter bölekleriniň nädogry guradylmagynyň we saklanylmagynyň bejeriş häsiýetleriniň peselmegine getirýändigi, onuň bolsa ösümliklerden rejeli peýdalanmagyň kadalarynyň bozulmagyna sebäp bolýandygy beýan edilýär. Ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleriniň görnüşleri, ösýän şertleri we ýerleri, himiki düzümi, ýygnalyşynyň möhletleri we usullary, saklamagyň düzgünleri, derman taýýarlanylysy we ulanylyşy, olarda saklanýan biologik taýdan işjeň maddalar – alkaloidler, glikozidler, saponinler, kumarinler we furokumarinler, efir ýaglary, sakyzlar, witaminler barada ylmy maglumatlar berilýär. Ösümlikleriň çendenaşa köp ýygnalmagynyň olaryň sanynyň azalmagyna, käbir görnüşleriniň doly ýitip gitmegine getirýändigi, şoňa görä-de bu işleriň degişli hünärmenleriň berk gözegçiliginde we jogapkärçiliginde bolmalydygy aýratyn bellenýär.

Hormatly Prezidentimiz “Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” atly kitabynda “Ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler” hem-de “Türkmen halky suwa tebigatyň beren bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi we durmuşy janlandyrýan keramatly baýlyk hökmünde garaýar” diýen pähim-paýhasa ýugrulan jümleleriniň üsti bilen milli mirasymyzyň suw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak boýunça ýaşlara ekologiýa medeniýetini öwretmekdäki ähmiýetini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz “Suw hemişe täzeden döräp durýan tebigy serişde bolup, ol öz tebigy kanunyna laýyklykda emele gelýär we akýar” diýmek bilen, tebigatda suwuň aýlanyşygy esasynda ýaşaýşymyz üçin zerur bolan süýji suw gorlarynyň emele gelmeginiň kanunalaýyklygyny beýan edýär. Kitapda ýerüsti we ýerasty suw baýlyklaryny fiziki, himiki we biologiki hapalanmadan goramagyň, olardan rejeli peýdalanmagyň häzirki döwürde dünýä möçberli ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerine öwrülendigine uly üns berilýär. Şeýle hem, suwuň ýetmezçiliginiň, heläkçilikli suw basmalarynyň we joşgunlarynyň, suw eroziýasynyň we topragyň şorlaşmagynyň, suwuň hapalanmagynyň köplenç onuň tygşytsyz ulanylmagy we başarnyksyz dolandyrylmagy netijesinde döreýändigi düşündirilýär. Ýurdumyzyň derýalary, çaýlary, çeşmeleri we kärizleri, suw howdanlarydyr kölleri bilen bir hatarda dünýäniň gurak klimatly sebitleriniň iň uly gidrotehniki desgasy bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagynyň Merkezi Aziýa sebiti üçin ekologýa, ykdysady we durmuş ahmiýeti beýan edilýär. Kitapda her ýylda “Suw damjasy – altyn dänesi” milli baýramyny belleýän halkymyzy arassa, süýji agyz suwy bilen üpjün etmegiň döwlet derejesindäki esasy wezipeleriň hatarynda durýandygy, täze tehnologiýalar esasynda işledilýän suw arassalaýjy zawodlaryň yzygiderli gurulýandygy, suwdan rejeli peýdalanmagyň kadalarynyň berjaý edilýändigi görkezilýär.  

Netijede, hormatly Prezidentimiziň kitaplary adamyň we tebigatyň sazlaşykly gatnaşygy arkaly durnukly ösüşi üpjün etmegiň, ýaşlara ekologiýa medeniýetini we bilimini öwretmegiň ylmy çeşmesi bolup hyzmat edýär.     

Nurberdiýewa Ogulbagt Omargulyýewna,   
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok