Täze ýyl nyşanly täze dokma önümleri

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda «Altyn Asyr» Söwda merkezine «Gala», «Ýeniş», «Bedew», «ADT» ýaly belli söwda markaly täze ýyl nyşanly täze dokma önümleri geldi.Täze önümleriň arasynda ýumşak oýunjaklar, süpürgiçler, tekstil önümleri, çagalar hem ulular üçin geýimler, şeýle hem erkek aýakgaplary bar. Täze önümleriň arasynda näzik we açyk öwüşginli tebigy ýüňden örülen kaşaň zenan kardiganlary bar.

«Altyn Asyr» Söwda merkeziniň çagalar üçin niýetlenen bölüminde Nusaý dokma markaly «Gaplaňjyk» pižamalaryny, «Akar» markaly Aýaz baba we Gar adam şekillendirilen ýyly joraplary, şeýle hem sowgat üçin uly Täze ýyl joraplaryny tapyp bilersiňiz.

Söwda merkeziniň «Altyn Asyr» resmi web sahypasynda harytlary internet arkaly hem satyn alyp bolýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok