Häzirki zaman bilim ulgamy üçin ýokary hilli we ýokary tehnologik informasion – bilim gurşawy häsiýetlidir. Ol bilim edaralarynyň okuw hadysalarynyň ähli görnüşlerini has ýokary derejä galdyrmaga we okatmagyň täze tehnologiýalaryny peýdalanmaga tehniki we pedagogiki mümkinçilikleri açýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda bilim syýasatynyň esasy wezipesi bilimiň fundamentallygyny saklamagyň esasynda onuň häzirki zaman hilini we şahsyýetiň, jemgyýetiň geljekki isleglerini üpjün etmekdir. Bu wezipeleri çözmekde esasy orun milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna degişlidir. Häzirki zaman şertlerinde okuw hadysasyna innowasiýalary ornaşdyrmaklyga bilim ulgamyny täzelemegiň wajyp serişdesi hökmünde garalýar. Innowasion işleriň esasy maksady okuw hadysasynda täze tehnologiýalary, usullary, okuw işleriniň görnüşlerini we tärlerini peýdalanmak arkaly okatmagyň hilini has-da ýokarlandyrmakdyr.
Öňdebaryjy halkara tejribesiniň görkezişi ýaly, innowasion pedagogic tejribesini ýaýratmak babatda iň bir netijeli usullaryň biri ýurdumyzyň merkezlerinde we welaýatlarynda bilim ulgamynyň garamagynda köpugurly innowasion ösüş resurs merkezlerini döretmekdir. Innowasion ösüş resurs merkezleri maddy-tehniki, pedagogik, informasion, intellectual we beýleki şertler bilen üpjün edilen milli bilim ulgamynyň düzümi bolup, innowasion işleri guramak boýunça öňdebaryjy pedagogik tejribäni toplamakda we olary ýurdumyzyň bilim edaralarynyň köpçülikleýin tejribesine ýaýratmakda wajyp orun eýeläp bilerdi. Bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň ýene-de bir wajyp faktorlarynyň biri bilimi zerur bolan maglumatlar bilen üpjün etmek, başgaça aýdanymyzda informatizasiýalaşdyrmakdyr, elektron serişdeleriniň kömegi arkaly okaýanlar we mugallymlar üçin gerekli bolan maglumatlaryň elýeterliligini döretmekdir.
Durmuşa ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň sany gün geldigiçe artýar. Bilimulgamy üçin iň derwaýys hem-de ýaramly bolan innowasion bilim tehnologiýalar işi ýeňilleşdirýär we oňat netijeleri gazanmaklyga ýardam edýär.
Innowasion bilim tehnologiýalary informatikanyň gazananlary hemde informasion prosesleri durmuşa ornaşdyrmakdyr.munuň üçin ozaly bilen häzirki zaman komputer tehnologiýasynyň ylmy esaslary: informatika, informasion, informasiýa prosesler, informasion tehnologiýa düşünjeleri bilmek zerurdyr.
Innowasion bilim tehnologiýalary informatikanyň gazananlary hem-de informasion prosesleri durmuşa ornaşdyrmakdyr.munuň üçin ozaly bilen häzirki zaman komputer tehnologiýasynyň ylmy esaslary: informatika, infarmasion, informasiýa prosesler,infarmasion tehnologiýa düşünjeleri bilmek zerurdyr.
Informatikanyň öwrenýän meseleleri maglumatlar ulgamydyr. Ol 3 bölekden ybarat bolup:
a) tehniki serişdeler,
b) programma üpjünçiligi,
ç) algoritm düzmegi we programmalaşdyrmagy öz içine alýar.
Biz adatça informasiýa sözüniň deregine maglut sözini ulanýarys. Informasiýa bizi gurşap alýan dýnýäniň bellu bir bölegi barada tertipleşdirilen maglumarlardyr olaryň informasiya bolmagy ýçin aşakdaky işleri ýerine ýetirilmegi zerurdyr: başlangyç maglumatlary ýygnamak, maglumatlary saklamagy gurnamak, täze bilimleri almak üçin maglumatlary işlemek; maglumaty amatly görnüşde ýazmak; maglumaty isleg bildirýänlere ibermek. Ylmyň we tehnikanyň güýçli depginler bilen ösýän häzirki eýýamynda ýurdumyzda bu işleri durmuşa geçirmek kompýuter hem-de beýleki gurluşlar arkaly amala aşyrylýar. Informasiýanyň özüne mahsus bolan dolulyk, ähtibarlylyk, gymmatlylyk, döwrebaplyk, düşnüklilik ýaly aýratynlyklary bardyr.
Täze tehnologiýa enjamlary bilen işlemekde maglumaty belgiler we sesler arkaly geçirmegiň, işlemegiň we ýygnamagyň uly hyzmaty bardyr. Başgaça aýdylanda,maglumaty geçirmek sesler arkaly, maglumat toplamak belgiler arkaly amala aşyrylýar. Muňa informasion prosesler hem diýilýär. Informasion prosesler janly-jandarlara, tehniki gurluşlarda, adamlaryň gatnaşygynda, telekommunikasiýalarda, jemgyýetçilik durmuşynda duş gelýärler. Bular tehniki serişdeler hem-de enjamlar arkaly gurnalýar. Informasion prosesleri tehniki serişdeler we enjamlar arkaly gurnamaklyga informasion tehnologiýa diýilýär.
Şeýlelikde ileri tutulýan ugurlaryň we ylmy gözlegleriň meseleleriniň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ylmynyň ösüşine, innowasiýa amallarynyň çaltlaşdyrylmagyna, önümçiligi tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň hasabyna içerki jemi önümiň artmagyna, önümleriň we tehnologiýalaryň düýpgöter täze görnüşleriniň özleşdirilmegine ýardam berer.
NEPESOW Nuraly
Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň mugallymy
Teswirler