Golýazma kitaplarynyň döreýiş taryhy

Türkmen halkynyň kitap medeniýeti öz taryhyny asyrlaryň jümmüşinden ýazuwyň döräp başlan eýýamlaryndan alyp gaýdýar. Ýazuwyň kemala gelip başlamagy bilen kitap hem döräp ugrapdyr. Şol uzak döwürlerde türkmenleriň ata-babalary daşlaryň ýüzüne, agaçdan edilen tagtajyklara, haýwanlaryň deresinden eýlenen gönlere we kagyz tumarlara ýazypdyrlar. Uzak asyrlaryň dowamynda ökde hünärmenler öz sungaty bilen milli kitap medeniýetiniň ösmegine uly goşantlaryny goşup, kitap döretmekliginiň däp-dessurlarynyň ösüşini kesgitlediler.

Miladydan öňki II-I müňýyllyklarda Orta Aziýa halklarynyň arasynda dilden aýdylýan hakyky taryhy wakalar, rowaýatlar, agylar, ýar-ýar, toý aýdymlary, gahrymanlara bagyşlanan seneler we Allatagala üçin aýdylýan şygyr wagyzlary düzülip başlanypdyr. Olar soňra Awestanyň kitap ýygyndysyna giripdir.

Miladydan öňki VI asyrda Merw, Horezm, Balh ülkelerinde 12 müň sany öküz hamyndan ýasalan gönde aremeý haty hem-de altyn zer bilen Awesta kitaby ýazylypdyr we Persopol kitaphanasynda saklanypdyr. IV asyryň ikinji ýarymynda Isgender Zülkerneýniň buýrugy boýunça Awestanyň bir bölegi oda ýakylypdyr, galan bölekleri bolsa, Müsürdäki Aleksandriýa kitaphanasyna saklamak we öwrenmek üçin berlipdir.

Miladydan soňky I asyrda Awesta kitaby ikinji gezek Parfiýa döwletinde, ärsaklaryň döwründe dilden aýdylyp täzeden ýazylyp, dikeldilipdir. Şonuň üçin hem bu ülkäniň kitabynyň taryhyny Awestadan başlamak dürs bolar.

Ýakyn Gündogaryň we Orta Aziýa halklarynyň kitap medeniýeti babatda aragatnaşygynyň täsiri arkaly gön-pergamentli Kodeks kitaby peýda boldy. Bu kitap ençeme depderler toplumynyň birikdirilip we olaryň düýbi gündogar usuly bilen tikilip, soňra kitap görnüşine getirilipdir hem-de deriden sahap edilipdir. Orta Gündogaryň kitap sahaplamak işi, esasan, bütin deriden edilen sahaplar bolup, olaryň çeper bezegi hökmünde dürli geometriki hem-de ösümlik nagyşlary ulanylypdyr. Gönden (pergament) edilen golýazmalaryň çeper bezeginde ýerli däpleriň uly orny bardyr. Tebipçilige, älemşynaslyga, taryha, pelsepä degişli şeýle hem dini kitaplar ýerli elipbiýe esaslanýan ýazuwda ýerine ýetirilip, olarda suratlar üçin dürli reňkler ulanylypdyr.

Yslam dininiň aralaşyp başlamagy bilen (miladynyň 651-nji ýyly) türkmen topragynda golýazma kitaplarynyň içki we daşky bezeglerinde araplaryň täsiri artyp ugraýar. Orta Aziýa şäherlerinde irki feodalizm eýýamynda (VIII-XII asyrlarda) öz kagyz önümçiligi peýda bolup başlaýar. Kagyzyň gön-pergamenti çalyşmagy bilen türkmen kitap sungatynyň gülläp ösmegine uly itergi berýär. Ol döwürde kitaby taýýarlamakda, onuň sahabyny bezemekde täze usullar ýüze çykýar. Bu bolsa golýazma kitabynyň umumy we bütewi bir görnüşe eýe bolmagyna, şol döwrüň ruhuna laýyk gelmegine getirýär.

Golýazma kitabyny döretmäge dürli görnüşli, ölçegli, reňkli we öwüşginli ýokary hilli kagyz öndürýän ussalar-kagyzgärler, ýazuwy birnäçe görnüşde göçürip bilýän hatdatlar, golýazmalaryň içki bezeglerini, nagyşlaryny ýerine ýetirýän bezeýji suratkeşler, altyn çaýyjylar, golýazmany ownuk surat çekýän suratkeşler we şeýle hem dürli görnüşli sahapdyr jiltleri taýýarlaýan sahapçylar gatnaşypdyrlar. Çeper golýazmalary döretmekde esasy hünärmenlerden başga-da, onuň döredilmegine gyzyl taplaýjylar, lakçylar, gönçiler, deriniň ýüzüne nagyş çekijiler, ak, sary, gök reňkli ebru we küti kagyzlary, syýalary, boýaglary ýasaýjylar zähmet çekipdirler. Dürli senetleriň ussatlary tarapyndan köpçülikleýin ýerine ýetirilýän bu işlerdäki özara baglanyşyk, tutuş golýazmalarynyň çeperçilik taýdan kämil bolmagyny üpjün edipdir.

Kagyzgärden ýokary hilli kagyz hatdadyň eline geçýärdi. Hat ýazmak üçin hatdadyň öz gurallary, abzallary bardy. Olarda gara we reňkli syýa, sowuk altyn, gamyşdan ýasalan galam, syýa çüýşe, gaýçy, galam artýan pyçak we transporant bolupdyr.

Orta asyr düzgüni boýunça kitap ýazylyşy birinji sahypadan başlap, tä soňky sahypa çenli birmeňzeş we owadan ýazylypdyr. Owadan hatlara okyjylar uly baha beripdirler.

Hatdadyň göçüren kitaby bezegçi ussanyň eline geçýärdi. Ol öz sungatyny bütin kitapda ýagny, hemme sahypalarda görkezmeli bolupdyr. Sahypalaryň gyralaryndaky boş ýerleri ýa-da hatdadyň ýörite goýan bütin içki sahypalary, kitabyň uly bölümleriniň sözbaşylary, kitabyň ahyryndaky sahypalary nagyşlar üçin niýetlenipdir. Bezeýji suratkeş golýazmanyň her sahypasyndaky ýazgylaryň daşyna altyn reňkli ýa-da köplenç gyzyl we gök dörtburçlyk çyzyklary çekipdir.

Bezegçiler sahypalaryň gyrasyny owadan nagyş bilen bezeýärdiler. Ol nagyşlar reňkli boýaglar ýa-da suwuk altyn bilen çyzylypdyr. Surat çekilen nagyşlar kitapda belli sazlaşyk, owadanlyk döredýär eken.

Kitabyň birinji sahypasynda bezegçi golýazmanyň adynyň başynda reňkli boýaglar we suwuk altyn bilen nagyşlary çyzýardy. Ol  nagyşlar Güne meňzeş bolup, olara “Şems” diýilýär. “Şems” arapça “Gün” diýmekdir. Ondan başga bezegçi eserleriň atlaryny nagyşly halkanyň içine alyp, altyn çaýylan peýkam çyzyklary çekipdir.

Bezegçiniň elinden kitap altyn çaýyjynyň eline düşüpdir. Ol sahypalaryň gyralaryndaky boş ýerlerini altyn sepindileri bilen örtüpdir. Suwuk altyny alyp, çaýyjy ony kagyza pürküpdir, şonda tegmil görnüşinde nokatlar emele gelipdir. Suwuk altyn pürkülen ýerleri çaýyjy kwars ýa-da maşat daşy bilen sürtüp ýalpyldadypdyr.

Altyn çaýyjydan soň gezek kiçijik şekilleri çekýän suratkeşiňki bolupdyr. Kiçijik suratlaryň üstünde işlenende adamlaryň, binagärlik, tebigat, ösümlik, haýwan görnüşleriniň şeýle hem köp sanly durmuş gurallarynyň esasy sudurlary çekilipdir. Kiçijik suratlar köplenç Gündogar şygyr we kyssa eserlerini, şeýle hem taryhy sene ýazgylaryna çekilipdir.

Orta asyryň surat sungaty örän ösen bolupdyr. Suratlar çeper hem taryhy edebiýatlara, hekaýatlara, ertekilere we rowaýatlara çekilipdir. Mysal üçin, Firdöwsiniň “Şanama”, Sagdynyň “Gülüstan” we “Bossan”, Abdyrahman Jamynyň “Baharystan”, Alyşir Nowaýynyň “Hamza”, Nyzamynyň “Isgendernama”, halk dessanlary, “Ýusup-Züleýha”, “Leýli-Mejnun”, “Zöhre-Tahyr”, “Şasenem-Garyp” ýaly kitaplara surat çekilipdir.

Sahapçy taýýar sahypalaryny depderlere ýygnap, top görnüşine getirip, tikip çatypdyr. Topyň kök düýbüniň ýokarky hem-de aşakdaky çatylan ýerleri dürli reňkli ýüpek sapaklar bilen ýöredilipdir. Oňa “Şiraza” diýlipdir. Ol kitabyň düýbüni has berkidip, kitap topyny bütin we abat saklapdyr.

Soňra sahapçy kitaby sahaba salypdyr. Sahap kitabyň içki durkuny birleşdirýän iki sany goşa kagyzdan (forzasdan), üsti hem aşaky derili gapaklardan, kitap çatylýan kök düýpden (koreşokdan) ybarat bolupdyr.

Kitaplaryň gapaklary ýasyja agaç tagtadan, gaty, küti kagyzdan edilipdir. Agaç gapaklary köplenç, çynar agajyndan taýýarlanypdyr. Agaç ussalary ilki çynar agajyny ýumşatmak, kesmek işlerini ýerine getiripdirler. Ýumşatmak üçin agaç bölegi çoganyň gaýnadylan erginine ýatyrylypdyr. Şeýle edilende, agajy kesmek we ondan ýasaja gapaklary ýasamak aňsat bolupdyr. Ussalar agaç gapylary gazma nagyş-hasam bilen sünnäläp bezäpdirler.

Sahapçylar kitap gapaklarynyň daşyna gaýyş çekipdirler. Şonda gaýşyň iň ýokary hillisi ulanylypdyr. Şeýle gaýyş goýun derisinden eýlenip, ýukajyk we ýumşak bolupdyr. Kitap sahaplamak üçin ulanyljak derini gyrmyzy, goňur, gara, ýaşyl hem sary boýaglar bilen reňkleýärdiler. Taýýar bolan derini kitap gapaklarynyň ýüzüne çyryş kökünden taýýarlanan ýelim bilen ýelmäpdirler. Deriden ýasalan sahaplar iki görnüşe bölünýär eken. Sahabyň birinji görnüşi tutuşlygyna gaýyşdan edilipdir. Ol küti kagyzdan edilen iki gapak bütin deri bilen örtülen. Ikinji görnüşi bolsa, gaýşy bölekläp, her gapaga aýry çekip ýelmäpdirler. Şonda taýýar bolan derili gapaklary deriden edilen kitap çatylýan düýbi bilen ýelmäpdirler. Golýazmalaryň çatylýan derili düýbi tekiz hem-de ölçegleri kitabyň aşakdaky hem ýokarky sahypalarynyň toplumy bilen deň bolupdyr. Ol galyň gönden edilip, goýy gyzyl we gara reňkler bilen boýalypdyr.

Sahapçy ussalaryň dürli görnüşli geometrik we ösümlik nagyşlary çekilen taýýar ülňüleri bolupdyr. Ülňüleriň kömegi bilen salynýan bezegler sahap jildiniň ýüzündäki hem arkasyndaky gapaklara edilip, ol göni çyzyk çarçuwadan, tolkunly we zynjyrly gyragaýmadan hem-de üç sany kertik-kertik aýlawly suratlardan ybarat eken. Ýokary we aşaky kiçi aýlawly suratlara çeper ýazuw bilen sahapçynyň ady ýazylypdyr. Kertik-kertik aýlawly suratdan başga pişme we badam şekilli, peýkam pisint ýaprakly, badam pisint we ýarym açylan gunça görnüşli nagyşlar bolupdyr. Ol nagyşlar kitabyň sahap jildini haşamlamakda ulanylypdyr.

Nyşanlary deriden örtülen gapaklaryň üstüne misden ýa-da bürünçden ýasalan aýratyn möhürler basylypdyr. Nagyş salmak üçin ýukadan ýasy kümüş, suwuk altyn hem-de reňkli boýaglar ulanylypdyr. Patyşalar üçin ýazylan kitaplarda deriden örtülen gapaklara ýukajyk kümüş gabygyndan ýasalan ösümlik ýapraklarynyň hem gülleriň şekillerini örtüp, ýelmäpdirler. Ussalar guýma kümüşden kitap sahaplaryny ýasap, olara gazma nagyş salypdyrlar. Şeýle haşamly kitaplar diňe patyşalaryň köşgündäki kitaphanalarda saklanýan eken.

Sahap jiltleriň çeper bezeliş derejesi golýazmanyň mowzugyna, mazmunyna hem-de görnüşine bagly bolmandyr. Ylmy kitaplar, edebi-çeper eserler ýa-da senenamalar birmeňzeş bezelen sahaplara salnypdyr.

Türkmen halkynyň kitap sungaty – gadymy senetçilik önümdir. Kitaplaryň içki we daş görnüşiniň has owadan, kämil bolmagy, haýsydyr bir many aňlatmagy, olaryň gymmatyny hasam artdyrypdyr.     

.

Aşyrbibi AMANGELDIÝEWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Taryhy medeni ýadygärlikleri rejelemek we
dikeltmek” hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok