Greýpfrut

Greýpfrut 1750-nji ýylda Ýamaýkada ýüze çykypdyr. Soňra onuň bir görnüşi ilki tapan adam- kapitan Şaddok tarapyndan ösdürilip ýetişdirilmek maksady bilen Günorta Aziýadan getirilýär. Ol getirilen greýpfrut görnüşi Ýamaýkanyň ýerli süýji tagamly pyrtykalynyň ýanynda ekilýär. Netijede, iki miweli agajyň bileleşip ösmeginden  miwäniň täze görnüşi emele gelýär. Ol täze emele gelen miwäniň ady greýpfrutdyr. Greýpfrut pyrtykala-da çalym edýär. Şeýlelikde, Ýamaýkadan bütin dünýä greýpfrut ýaýrapdyr. Bu miwäniň iň kän öndürýän ýurt Amerikadyr.

Onuň agajynyň ýapraklary edil mandarin we pyrtykal agaçlarynyň ýapraklaryna meňzeşdir. Greýpfrudyň özi hem ol miwelere meňzeşdir. Pyrtykal we mandarinden sähelçe tapawudy greýpfrudyň içi gülgüne reňkdedir. Gülleri bolsa agymtyl bolup, miwesiniň göwrümi togalakdan ýasy we uludyr. Greýpfrudyň daşyndaky gabygynyň reňki açyk sary reňkde bolýar. Onuň miweleriniň tohumly we tohumsyz görnüşleri bardyr. Onuň gabyklary ajymtyk tagam berýär. Bu miwäniň gabyklaryndan marmelad  taýýarlanýar.

Peýdasy

Greýpfrut adamyň bedenindäki ganyň holesterinini kadalaşdyrýar. Ol bedenimizdäki göze görünmeýän kapilýar damarlarymyzdaky gan aýlanyşygyny çaltlandyrýar. Aýratyn hem, ýürek-damar kesellerinden goraýar. Greýpfrut düwnük keseliniň öňüni alýar. Ol adam bedenini dürli kesellere garşy güýçlendirýär. Şeýle hem, ol ganyň basyşyny kadalaşdyrýar.

Ýokumlylygy

Greýpfrudyň düzüminde adam bedenine peýdaly belok, uglewod, ýag, fosfor, kalsiý, demir ýaly maddalar hem-de B1, B2, B3, B6, C, E witaminleri bardyr.

Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok