Aşgabatda şu aýyň ahyrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti geçiriler. Türkmenistanyň abraýly halkara düzümleriň biri bolan YHG bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändir. Türkmenistan bu gurama agza döwletleriň arasynda dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegini esasy ugur edinip, onuň dünýä giňişliginde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy babatda zerur tagallalary edýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-nyň agzasy bolup durýar. Bu iri sebitara düzüm ykdysadyýet we söwda ulgamlaryndaky netijeli döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen döredildi. Türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammiti YHG-nyň gününiň bellenilýän senesinde — 28-nji noýabrda geçiriler. Onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, guramaçylyk topary döredildi.
Şunuň bilen baglylykda, sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Bu Konsepsiýa ýurdumyzyň bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmelerine aýdyň şaýatlyk edýär.
EKO agza döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisini 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gününde Aşgabat şäherinde geçiriler we daşary ýurtly kärdeşlerine duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna iş sapary geçiriler.
.
Jemşit JEYHUNOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Teswirler