BITARAPLYK SÜTÜNI – PARAHATLYK DARAGTY

Bitaraplyk syýasatyna düşünmek üçin ilki bu sözüň düýp manysyna ýetmek has ýerlikli bolar. Bitaraplyk – bu söz hiç bir tarapa goşulmazlyk, gatyşmazlyk diýen manylary aňladýar.  Bitarap döwlet – özge döwletleriň içki işlerine goşulyşmaýan, ýurtlar arasyndaky uruşlara gatyşmaýan, ähli meseleleri ylalaşykly ýollar bilen çözmekligi ündeýän, parahatçylykly syýasaty goldaýan döwlet, ýurt diýmekdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi, gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegi, ruhy, medeni, bilim ulgamynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi, töwekgelçilikleriň derejesini peseltmäge, howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de bähbitleriň deňeçerligini kemala getirmäge ukyply halkara ulgamynyň şunuň ýaly usullaryny we gurallaryny döretmekdir.

Türkmenistan suw ýa-da energetika meseleleri, ulag ulgamy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň halkara syýasatynyň netijeli gurallaryny kemala getirmek ugrunda başlangyçlary öňe sürmek bilen, çözgütleriň we geljekki ädimleriň ylalaşylan çemeleşmelerini işläp taýýarlamagy binýat edinmegi teklip edýär. Has takygy, ýurtlar serişdeler, bazarlara çykmak ugrunda bäsdeşlik etmän, öz mümkinçiliklerini adalatly we aýanlyk ýagdaýynda, diňe bir beýleki döwletleriň däl-de, geljekki nesilleriň hem bähbitlerini hasaba almak bilen hereket etmelidirler.

Şunuň ýaly çagyryş BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynda hem beýan edilendir. Durnukly ösüş maksatlary boýunça Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri ýurdumyzy bu maksatlara ýetmekde öňdäki orunlara çykarýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow islendik döwletiň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Şu özara baglylykda, ol ýa-da beýleki ýurduň dünýä giňişliginde şygar edinýän maksatlary we iş ýüzündäki ädimleri, onuň daşary syýasy ugrunyň filosofiýasynyň düýp mazmunyna düşünmegiň guraly ýatyr.

Türkmen döwleti jemgyýetde, içerki durmuşynda parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyk, sabyrlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmek hem-de durmuşa geçirmek bilen, daşarky dünýä bilen özara gatnaşyklarynda bu düşünjeleri netijeli ornaşdyrýar. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplygy döwletiň içerki gurluşynyň mäkäm ahlak sütünine daýanýar, türkmen halkynyň iň gowy häsiýetleriniň dowamatynyň we ýüze çykmagynyň esasy bolup durýar.

Türkmenistanyň çärýek asyra golaý netijeli alyp barýan Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugry diňe bir milli bähbitlere laýyk gelýändigini däl-de, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna halkara durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň oňyn, deňeçer çemeleşmeleriniň talaplaryna, döwletara gatnaşyklarynyň esasy bolup durýan BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berjaý edilmegine laýyk gelýändigini äşgär görkezdi.

 Bahar SULIÝEWA,

Türkmen  döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň  Menejment 
fakultetiniň türkmen dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok