Ýakynda, Belarussiýada «Листопад» XXVII Minsk halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Bu kinofestiwalyň çäklerinde Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň milli kinostudiýalarynyň mejlisi geçirildi.
Bu kinofestiwalda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» Birleşiginden bäsleşikden daşary Arslan Eýeberdiýewiň «Durmuş kyssalary» çeper filmi we «Dutaryň owazy» dokumental filmi görkeziler.
Şu ýyl «Листопад» XXVII Minsk halkara kinofestiwaly «Kino – agzybirligiň simfoniýasy» şygary astynda geçýär. 22-nji noýabrda bolan tegelek stolda kinostudiýalaryň ýolbaşçylary bilelikdäki kinotaslamalaryň geljegi, GDA agza ýurtlarda kino düşürmegi guramak we aktýorlar barada maglumatlaryň bütewi goruny döretmek barada pikir alyşdylar. Şeýlede mejlise gatnaşyjylar GDA ýurtlarynyň milli kinostudiýalarynyň gazananlary bilen tanyşdylar we häzirki döwrüň kinosynyň syýasy, ruhy we medeni giňişlikde nähili bolmalydygy temasyna degişli birnäçe meseleleriň üstünde durup geçdiler.
Kinofestiwal 26-njy noýabra çenli dowam eder we festiwala 45 ýurtdan filmler hödürlener.
Ata ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Teswirler