Dünýäniň ýedi ajaýyplygy…

Mugallym dersde okuwçylaryndan «Häzirki döwürde dünýädäki ýedi täsinligiň nämeler bolup biljekdigi» baradaky pikirlerini kagyzyň ýüzüne ýazmagyny isledi. Kagyz we galamlar çykarylyp, pikirler ýekän-ýekän kagyzda öz beýanyny tapmaga başlanda, synpyň agramly böleginiň taýýarlan sanawynyň şu şekildedigi belli boldy:

1. Müsüriň beýik piramidalary.
2. Täçmahal.
3. Beýik Kanýon.
4. Panama kanaly.
5. Empaýr Steýt binasy.
6. Keramatly Peter bazilkasy.
7. Beýik Hytaý diwary.

Ýöne mugallym okuwçylaryň kagyzlaryny ýygnap ýörka, yzky partada oturan bir gyzjagazyň heniz hem kagyzyny bermändigini görýär. Onuň ýanyna baryp, mähirli ýagdaýda: «Ýumuş bilen baglanyşykly kynçylygyň barmy?» diýip soraýar. Gyzjagaz hem: «Hawa, bar. Dünýäde şeýle ajaýyp we täsin zatlar bar welin, arasyndan haýsylaryny saýlap ýazjagymy bilemok!» diýip jogap beripdir.

Mugallym okuwçysyna emaý bilen bakyp: «Hany, aýt bakaly, seniň sanawyňda nämeler bar. Belki, biz hem saňa kömek ederis»  diýip, goltgy berýär.

Gyzjagaz oturgyjyndan turup, kagyzynda ýazan hatlaryny okamaga başlaýar:

«Meniň pikirimçe, dünýäniň ýedi ajaýyplygy şulardyr:

1. Görmek.
2. Eşitmek.
3. Ellemek.
4. Datmak.
5. Duýmak.
6. Ýylgyrmak.
7. Söýmek» diýip, ynamly jogap berýär.

Synpyň içini dym-dyrslyk gurşap aldy… Çünki şol kiçijik gyzjagazyň ýazan jogaby durmuşymyzyň iň möhüm sapagyny beripdi. «Şertli garaýyşlarymyz sebäpli, ýönekeý, adaty hasaplaýan we şonuň üçin-de gözden salýan zatlarymyz hakykatda hiç bir zat bilen deňäp bolmajak derejede täsindir».

.

Selbi HUDAÝNAZAROWA,

S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň Dokma önümçiligi
hünäriniň 117-nji toparynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok