Döwletimiziň ösüşleriniň we daşary syýasatynyň özeni bolan Bitraplygymyzyň kabul edilmegine hem 26 ýyl dolup gelýär. Ýurdumyzda bu baýram mynasybetli birnäçe çäreler geçiriler. Mähriban halkymyz bu senä uly zähmet üstünlikleri bilen barýar. Aşgabat şäherinde ýerleşýän, daş-töweregini ýaşyl ýaýlalar gurşap alan giň giden meýdanda gurlan, alyslardan lowurdap görünýän Bitaraplyk binasy ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň, halkymyzyň ata-babalardan gelýän erkanalyk, agzybirlik, goňşularyň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerine wepalydygynyň binagärlik sungatyndaky aýdyň beýanydyr. Bitaraplyk binasynyň esasy sütüniniň beýikligi 83 metr, ýokarsyndaky Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A Nyýazowyň heýkeliniň beýikligi 12 metr bolup, jemi 95 metre deňdir. Bu sanlar bolsa, döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň wekilleriniň goldamagynda Bitaraplyk hukugyna eýe bolan senesini, has takygy, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryny aňladýar.
Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň gutaran ýerinde ýerleşýän Bitaraplyk ýadygärligi Türkiýäniň Polimeks gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlandyr. 3 sany kuwwatly sütüniň üstünde gurlan bu bina mermerden gurlandyr. Ýadygärligiň gurluşygy 1996-njy ýylda başlap 1998-nji ýylda tamamlanýar. Ajaýyp bina 2011-nji ýylda häzirki ýerleşýän täze ýerinde açyldy.
Bitaraplyk munuň özi syýasy, ykdysady, taryhy, durmuş ugurlaryny özünde jemleýän hemişe hereketde bolan, döredijilik işidir. Türkmenistanyň geografiýa we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi, onuň bitarap parahatçylyk dörediji döwlet hökmündäki orny ýurdumyzy Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky oňyn araçy hökmünde derejesini şertlendirýär. Häzirki wagtda Türkmenistan syýasy, ynsanperwerlik we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça köptaraply gepleşikleri alyp barýar, şeýle hem köpsanly halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär.
Türkmenistan häzirki wagtda ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere, baý taryhyna we medeniýete eýe bolmak hem-de şonuň bilen bir wagtda ýurduň ýolbaşçylarynyň güýçli syýasy erk-islegine daýanmak bilen, diňe bir sebit derejesinde däl-de, örän möhüm, ählumumy häsiýete eýe bolan halkara çözgütlerini işläp taýýarlamaga möhüm gatnaşyjy bolup durýar.
Jennet ATAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Menejment fakultetiniň Daşary ýurt dilleri kafedrasynyň nemes dili mugallymy.
Teswirler