Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherçesine baryp sport bilen meşgullandy

Dynç güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow adaty endigine eýerip, säher bilen irki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, egindeşleri bilen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy.

Döwlet Baştutany şäherçäniň sport toplumynda oturdylan enjamlaryň birnäçesinde bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok