Geçi maly öý haýwanlarynyň içinde özüniň häsiýeti boýunça beýlekilerden birneme tapawutlanýar. Esasan hem ol bokurdagyna gyzmalygy ýa-da meýdanda ekine düşegenligi bilen bellidir. Ol daglarda barmasy kyn ýerlerden hem höregini çöpleýär. Ýöne bu haýwan barada bar bolan gyzykly maglumatlar bilen tanşanyňda, geçileriň ekinçilligini «aklaýsaňam» boljak diýýärsiň. Biziň bilşimiz ýaly, geçileriň çöpürleri we derileri dürli maksatlar üçin peýdalanylýar. Geçi süýdi birnäçe keselleri bejermekde we öňüni alyş çärelerinde ulanylýar.
Geçi süýdi bedende sygyr süýdüne görä bäş esse çalt özleşýär.
* * *
Süýdemdiriji jandarlaryň içinde kengurular çagalaryny ösdürmekde beýlekilerden has tapawutlanýarlar. Kengurunyň çagasy doganda örän kiçijik bolup, diňe öňki aýaklary we penjeleri işe ukyply bolýarlar. Ol dünýä inenden süýrenip, enesiniň haltasyna girýär we şol ýerde ýerleşýän emziklerden süýt emip başlaýar. Ýuwaş-ýuwaşdan galan bölekleri kemala gelip başlaýar, gözi açylýar, gulagy ösüp çykýar, yzky aýaklary we guýrugy ösýär. Bu zatlar üçin birnäçe hepde wagt gerek bolýar. Belli bir derejede kemala geleninden soňra süýtden aýrylyp, enesiniň haltasyndan çykyp, ot-çöp iýip başlaýar. 6 aýlyk bolandan soň-a halta-da sygmaýar, özbaşdak ýaşaýyş başlanýar.
«Dile geldi—bile geldi» diýlişi ýaly, bu jandar bökende näçeräk uzynlyga bökýärkä diýip gyzyklanyp görsek, aşakdaky maglumatlara gabat geldik Ol uzynlygyna 10—12 metre çenli böküp bilmäge we sagatda 40—50 kilometr tizlik bilen hereket etmäge ukyply eken.
Annaberdiýew Bagtyýar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby
Teswirler