Medeniýet-sungat wakalary

Rus diliniň örüsi giňeýär

Şu güne çenli dünýäniň iň ýörgünli dilleriniň sanawynda rus dili dördünji orny eýeleýärdi. Ýakynda rus dili we edebiýaty mugallymlarynyň halkara jemgyýetiniň prezidenti Lýudmila Werbiskaýa dünýäde rus dilini bilýän adamlaryň sanynyň ýarym milliarddan agandygyny habar berdi. Bu habar bolsa rus diliniň iň köp gürleşilýändigi boýunça hytaý hem-de iňlis dillerinden soňra üçünji orna çykandygyny aňladýar. Halkara jemgyýetiň prezidenti öz çykyşynda: “Häzirki wagtda rus dili dünýäniň 100 töweregi ýurdunda öwrenilýär. Häzir dünýä jemgyýetçiligi rus diline özara bähbitli ykdysady hem medeni gatnaşyklary amala aşyrmakda uly mümkinçilik hökmünde garaýar” diýip belleýär.

Täsin lybaslaryň sergisi

Geçen asyryň iň meşhur zenanlarynyň biri Frida Kalo öz döwründe diňe bir nakgaşçylyk sungatynda däl, eýsem kaşaň geýinmekde hem öňüne adam geçirmändir. Muňa garamazdan, Fridanyň dünýäden ötenine 72 ýyl dolanam bolsa, şu çaka çenli onuň kaşaň geýimleriniň kolleksiýasy il gözünden ýygşyrylyp gelnipdir. Geýimleriň kolleksiýasynyň görkezilmegine suratkeş zenanyň ýanýoldaşy Diýego Riwere rugsat bermändir. Ol ýarym asyr geçmese, geýimlerini hiç kime görkezmezligi Fridanyň özüniň wesýet edenligini aýdypdyr. Ýakynda Fridanyň geýimleriniň kolleksiýasy jemgyýetçilige hödürlendi. Frida Kalonyň özüniň adyny göterýän muzeýde geçirilen geýimleriň sergisinde auksion hem guraldy. Önda Fridanyň geýen köýnekleriniň üçüsi jemi dört million dollara satyldy.

Adaty ruçkada adaty däl sungat

Suratkeşlik sungatynda her kim bir gural ulanýar. Kim galam bilen mydar edýär, kim kist ulanýar. Kimler bolsa olaryň hiç birini-de, ulanman, reňkleri eli bilen alýar-da, kendiriň ýüzüne ýelmäp-ýelmäp çykýar, şeýdibem sungat döreýär. Ýöne, ine, kanadaly suratkeş Robert Maýlnyň surat çekende ulanýan guraly beýleki suratkeşleriňkiden düýpli tapawutlanýar. Şonuň üçinem onuň hepdäniň başynda Mýunhende açylan sungat sergisine girip görmek isleýän adamlaryň nobaty üzülenok. Robert Maýln öz döredýän suratlaryny adaty ruçkalarda çekýär. Iň täsin ýeri hem, birbada seredeniňde, onuň işleriniň ýüz dürli reňkde däl-de, ruçkada çekilendigine ynanmagam kyn. Ol Germaniýada açan sergisinde soňky döwürlerde döreden suratlaryny tomaşaçylara hödürleýär. Suratkeş serginiň açylyş dabarasynda döredijiliginde meşhur artistler bilen atlaryň suratyny çekmekden aýratyn lezzet alýandygyny aýtdy.

Wepa MOMMYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok