Hüwdi näme?

Hüwdi – bu halk döredijiligiň görnüşi bolup, esasan hem enelerimiz tarapyndan çagalara aýdylýan aýdym äheňli goşgular. Hüwdüler – medeni mirasymyz, özünde pendi-nesihatlary jemleýän setirler, aňyrsynda çuňňur many ýatan türkmen enäniň çagasyna aýdýan söýgüden doly sözleri.

Geçmişimizden göz alyp gaýdýan hüwdi esasan hem çaga sallançakda we enäniň gujagynda ýatanda aýdylýar. Hüwdüniň jadyly owazy çagany tiz we rahat ýatyrýar. Hemmämiz hüwdüler bilen ulaldyk diýsek ýalňyşmarys. Her bir türkmen maşgalasynda, çagaly öýlerde hüwdüniň sesi belentden ýaňlanýar. Hüwdi türkmen dessanlarynda, hekaýalardyr-rowaýatlarda hem ýer alýar.

Hüwdüler köplenç dört setirden ybarat bolýar, şol setirleriň daşyndan, ýagny soňunda “hüwwa-hüw, heýýa-heý” diýlip hiňlenilýär, şu hiňlenmelerden hem “hüwdi” sözi gelip çykýar diýip dürli çeşmelerde aýdylýar.

Birnäçe hüwdülere ser salyp görsek:

             * * *

Aýlanar-a, aýlanar,
Ökdelikde saýlanar,
Meniň balam ulalyp,
Söýenine öýlener.
Aýlanar-a, aýlanar,
Toýluk unuň elener,
Meniň gara göz balam
Gowulykda bellener.
Aýlanar-a, aýlanar,
Ak öýleri saýlanar,
Meň jigimiň toýunda,
Bedew atlar şaýlanar.

             * * *

Meniň balam ýatypdyr,
Gyzyl güle batypdyr,
Oýatmaň siz balamy,
Ýaňja uka gidipdir.
Meniň balam ýaşynda,
Ýaşyl, gyzyl başynda,
Agalary öý tutsa,
Oýnar läläm daşynda.

             * * *

Aýlan, aýlan, aýlançak,
Akar suwlar bulançak,
Altmyş başly ak öýüň
Ýaraşygy sallançak.

             * * *

Alla-alla alaýyn,
Ejeňi suwa ýollaýyn,
Ejeň suwdan gelýänçä,
Kişmiş berip aldaýyn.
Allan-allan alaýyn,
Sallançaga salaýyn,
Saňa gelen belany
Daga, daşa ýollaýyn.

Görşümiz ýaly, hüwdüniň her bir setiri çuňňur manydan doly, olarda enäniň çagasyna bolan söýgüsi, arzuwy, nesihaty beýan edilen.

.

Gülzada REÝIMOWA,

S. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Maglumat ulgamlary hünäriniň 209-njy toparynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok