Bitaraplyk ösüşleriň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz ösüşlere, özgerişlere beslenýär. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň wekilleriniň goldamagynda Türkmenistan Bitaraplyk hukugyna eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa BMG-sy ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy baradaky Kararnamany 2-nji gezek tassyklady. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklip etmegi esasynda, 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etdi. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge goşýan mynasyp goşandynyň ählumumy derejede ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy.

Bitaraplyk bu halkymyzyň parahatçylyk söýüji häsiýetiniň, goňşular döwletler bilen birek-biregi hormatlamaga, özara ýardam bermäge, dostlukly, ylalaşykly ýaşamaga çalyşmagynyň beýanydyr. Türkmenistan Bitaraplyk derejesini gazanmagy bilen, birnäçe borçnamalary üstüne aldy. Ýurdumyz umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny saklamak, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki birnäçe halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bolup, öz daşary syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy we olary doly ýerine ýetirýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti: “Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan halkara borçlaryna eýerip, olary durmuşa geçirmegiň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryny kesgitledi we üstünlikli amala aşyrýar” diýip, belleýär.

Türkmenistan diňe bir öz sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen şeýle syýasaty durmuşa geçirýär hem-de diňe bir bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, öz hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikde netijeli işlemäge gönükdirilen pikirdeşlerine öwürýär. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki wagtdaky we geljekde alyp barjak halkara işiniň üstünliklerine beslenmeginiň kepili bolup durýar.

Jennet ÝURDAMANOWA,

Türkmen  döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok