Sanly bilim ulgamynyň talyp ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti

             Mälim boluşy ýaly, häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor- mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim portallary işlenip taýýarlandy. Döwletimiziň ähli ýokary, orta hünär we başlangyç okuw mekdeplerinde “Sanly bilim ulgamy” atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklarynyň, internet bäsleşikleriniň şeýle-de berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde  ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän  daşary ýurtlaryň okuw mekdepleri,  ylym- bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. 

           Sanly bilim ulgamyny ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçiligi döretmegi we  ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmana berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy sanly bilim ulgamynyň durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezýär.

           Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanyň bilim ulgamynyň düzimi boýunçada, täze tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da  barha kämilleşýär, ýaş nesliň döwrebap bilim almak mümkinçilikleri giňeldilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen yzygiderli tagallalaryň netijeliligi bilim boýunça döwletiň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykarmagynda hem-de ahyrky netijede ýurdumyzyň dünýäde eýeleýän ornunyň ýokarlanmagynda şöhlenenýär.

            Şeýle uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň jany sag belent başy aman, döwlet ähmiýetli belent başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin.

Kadyr GURBANNEPESOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok