Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erimiň sowallaryna jogap berdi.
Bu söhbetdeşligiň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna, dürli görnüşdäki sebit we halkara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garaldy, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi.
Mälim bolşy ýaly, ykdysady ulgamda Türkiýe Türkmenistanyň köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşy bolup, söwda dolanyşygynyň we maýa goýum işjeňliginiň derejesi boýunça ýurdumyzda öňdebaryjylaryň hataryna girýär. Daşary syýasatda, halkara giňişlikde Türkmenistan we Türkiýe parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryna eýermek işinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
Teswirler