Dili öwrenmegiň usullary

Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini bilmek dünýä ylmyna aralaşmagyň möhüm şertleriniň biridir. Islendik daşary ýurt dilini öwrenmek, edil biziň pikir edişimiz ýaly, beýle bir kyn hem däl we köp wagty talap etmeýär. Ony çalt we aňsat özleşdirmek diňe özümize bagly. Geliň, onuň üçin gerekli bolan zatlary ýekän-ýekän öwreneliň!

ISLEG

Haýsydyr bir dili öwrenmek üçin, islendik işde gerek. Özüňize hemişe “Men bu dili näme üçin öwrenýärin?”diýen soragy beriň. Dili öwrenmek bilen bagly kynçylyk ýüze çykanda ýa-da yza çekilmek pikiri dörände, öz maksadyňyzy ýadyňyza salyň!

WAGT

Häzirki wagtda ýurdumyzda birnäçe dil öwredýän merkezler bar. Olaryň aglabasynda okuwlar hepdäniň dowamynda 2 ýa-da 3 güne niýetlenen. Gündelik durmuş aladalary bilen başagaý adamlaryň gaty köp bölegi başga günlerde dil öwrenmek üçin wagt tapyp bilmeýär. Bu bolsa dil öwrenilende ony her gün özleşdirmek gerek. Gündelik gaýtalamagyň netijesinde täze dili çalt öwrenip bolýar. Öwrenmäge başlanyňyzda öz öňüňizde şeýle şerti goýuň: “Men her gün, nähili ýagdaý bolanda hem, täze dili öwrenmek üçin azyndan ýarym sagat wagt taparyn”. Şeýle edilen ýagdaýda, dili çalt öwrenmek bilen bir hatarda, ýadyňyz hem kämilleşer.

BAŞARNYK

Dilşynas alymlar dili öwrenmegi dört sany ugra bölýärler:

– okamak – daşary ýurt dilinde ýazylan ýazga düşünip bilmek başarnygy;

– eşitmek – başga dilde eşidilen zada düşünmek başarnygy;

– ýazmak – başga dilde ýazyp bilmek başarnygy;

– geplemek – öz pikirini başga dilde beýan edip bilmek başarnygy.

Şu dört başarnygy gazanmak üçin aşakdaky üç zady özleşdirmek möhümdir: grammatika, söz baýlygy we sesleri dogry aýdyp bilmek.

Diýmek, şu üçüsini özleşdirmesek , täze dil öwrenmek biziň üçin juda kyn bolar.

HAÝSY USULLAR AMATLY?

Indi şu üç zady haýsy usullar arkaly tiz öwrenip bolýandygy hakynda durup geçeliň!

Grammatika – adatça, daşary ýurt dilini öwrenýänleriň gaty köpüsi üçin ilki başda grammatikany öwrenmek mümkin däl zat ýaly duýulýar. Islesek-islemesek, dogrudanam, dil öwrenmegiň iň kyn basgançagy grammmatikadyr. Şol bir wagtyň özünde iň zerur basgançagy hem şol. Ýöne siz asla gorkmaň! Ony öwrenmegiň hem aňsat usullary bar.

Käbir diller öwrenilende, hatda şol milletiň özünde hem ulanylmaýan kadalaryň öwrediljek bolýan ýagdaýy seýrek bolmaýar. Şonuň üçinem, ilkinji nobatda, gerekli kadalary saýlap öwrenmeli, ýat tutmaly.

Bu babatda maksada ýetmek üçin iň ýönekeý ýoly saýlap almaly. Öwrenilmejek bolýan dilde ýönekeýje şol dilde gepleşmegi öwrenýäris. Biziň dil öwrenmekden maksadymyz hem, köplenç halatda, şol dilde gepleşmegi öwrenmek ahyry!

Grammatikadan özüňiz üçin iň gerekli temalary saýlap alanyňyzdan soňra, olary hepdeler boýunça bölüň! Her temany öwrenmek üçin 1 hepde wagt goýuň! Hepdäniň dowamynda göz öňünde tutulan temany çuňňur özleşdiriň! Şeýle ýagdaýda öwrenilende, siz 3 aýyň dowamynda geplemek üçin ýeterlik derejede grammatiki kadalara eýe bolarsyňyz! Görşüňiz ýaly, diliň grammatikasyny öwrenmek beýle bir kyn hem däl!

.

Heseljemal SARYMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri  institutynyň
ispan dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok