TOHU-da maslahat geçirildi

S.A.Nyýazow adyndaky oba-hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleriň, telekeçileriň, mugallymlaryň, talyplaryň, daýhanlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Bu maslahatda oba-hojalyk ekinleriniň hasylyny köpeltmek, hilini gowulandyrmak meselelerine garaldy.

Maslahatyň esasy temasy däneli we kösükli ekinleri köpeltmek esasan hem mäşi ösdürip ýetişdirmek şeýle-de ondan bol hasyl almak boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň demirgazyk we günbatar sebitlerinde mäşden  bol hasyl alynýar. Geljekde oba-hojalyk pudagyny dökün bilen doly üpjün etmek arkaly şeýle hem pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly alynýan hasylyň möçberini mundan beýäkde köpeltmek meýilleşdirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok