Parlamentara gatnaşyklar ösýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa iki döwletiň gatnaşyklarynyň has hem ýygjaňlaşýanlygynyň aýdyň mysaly boldy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de üçünji Ýewraziýa zenanlar forumynyň ýokary guramaçylyk derejesi barada gürrüň edildi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy gutlaglary hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetiniň Döwlet Dumasynyň sekizinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna synçylar hökmünde gatnaşandygy üçin öz kärdeşine hoşallyk bildirdi. Şonuň bilen birlikde, biziň ýurdumyzyň zenanlarynyň wekilleriniň Ýewraziýa zenanlar forumyna onlaýn tertipde gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirildi.

Gepleşikleriň dowamynda geljekdäki göz öňünde tututlýan hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn görnüşdäki parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdüriljekligi nygtaldy. Şeýle hem geljek ýylda Türkmenistanda ýokary derejeli parlamentara forumy geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu ýylyň noýabr aýynda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek nobatdaky 53-nji mejlisine gatnaşmaga çagyrdy. Bu bolsa Russiýanyň daşary syýasatda Türkmenistan bilen alynyp barylýan gatnaşyklara uly üns berýändigini görkezýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly ösüşinde parlament diplomatiýasynyň möhüm orny eýeleýänligi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, däp bolan parlamentara gatnaşyklaryň geljekde hem işjeňleşdiriljekdigine ynam bildirildi. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň gadymdan gelýän dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklary bellenildi. Oňyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň Liderleriniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir we şeýle bolmagynda galýar.

Şirin HANMÄMMEDOWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary inistitutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok