Dubaý hakynda 20 sany gyzykly maglumat

Dubaý şäheri, gyzykly köptaraply we üýtgeşik-hakyky oazis. BAE-de nebit tapylandan soň çalt ösüp, ol hakykatdan hem täsir galdyryjy ýurtdyr. Dubaýyň howa menzili hem dünýäniň iň gowularynyň biri hasaplanyp, bu ýere baryp gören syýahatçylaryň hemmesiniň ünsüni özünde jemleýär.

  1. Takmynan 7000 ýyl mundan ozal, Dubaýyň gurlan çölüniň ýerinde giň mongrowe batgasy bardy.

  2. Dubaý BAE-da iň uly şäher bolup, ol paýtagt däldir. Bu roly Abu Dabi ýerine ýetirýär.

  3. Dubaý şäheri iki asyrdan gowrak, bu pursata çenli geçen asyryň 60-njy ýyllaryň ahyrynda töwereginden nebit tapylýança, asuda we gaty täsirli şäher bolmandy.

  4. Dubaýdaky awtobus duralgalary ýapyk edýärler we olary sowadyjy bilen enjamlaşdyrýarlar. Hakykatdan hem hemmesini däl.

  5. Dubaý dünýäniň iň yssy şäherleriniň biri hasaplanýar. Tomusda bu ýerdäki kölegäniň temperaturasy köplenç +50 dereje ýokarlanýar.

  6. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda Dubaý adaty binalary bolan çöli aňladýardy. Indi bolsa ol arassa köçeleri we şöhle saçýan gök  binalary aňladýar.

  7. Halkara söwdasy üçin geçýän harytlaryň sany boýunça Gonkong we Singapurdan soň, Dubaý dünýäniň ähli şäherleriniň arasynda 3-nji ýeri eýeleýär.

  8. Burj Halifa binasy dünýäniň iň beýik binasy bolup ol hem Dubaý şäherinde ýerleşip, onuň beýikligi 824 metre barabardyr.

  9. Dubaýyň golaýyndaky suwda emeli adalar toplumy bar, köpüsi göni suwda. Köpüsi bolsa palma agajy görnüşinde ýasalan.  

  10. Dubaýland diýilýän ýerli dynç alyş seýilgähi dünýädäki iň uly seýilgäh hasaplanýar.

  11. Dubaýdaky käbir myhmanhanalarda 7 ýyldyz bar we onda oňünden bron etmezden ýerleşmeklik hem mümkin däl.

  12. Dubaýyň ýaşaýjylary dünýäde gazylan ähli altynlaryň 40 göterimini satyn alýarlar.

  13. Dubaýda altyn barlary, adatça içgileri we şokaladlary satýan söwda maşynlar hem bar.

  14.  Biler bolsaňyz dünýäniň iň beýik tenis korty-da şu ýerde ýerleşýär. Ýelkenli şekilli myhmanhana bolan “Burj-Al-Arab” gök asman binasynyň üstünde ýerleşýändir. Kort ýeriň üstünden 321 metr aralykda bölünýär.

  15. 1968-nji ýylda tutuş Dubaýda jemi 13 sany hasaba alnan awtoulag bardy.

  16. Dünýädäki ähli şäherleriň arasynda Dubaý ösüş taýdan Hytaý we  Şanhaýa ýol berýärdi.

  17. Bu ýerde ýerleşýän “Dubaý Moll” atly dünýädäki iň uly söwdä merkezi hem ýerleşendir.

  18. Bu ýere gezelenje barýanlar ol ýeriň ýerli ýaşaýjylarynyň ählisine elmydama aşa dogrçyl we mylakatly diýýäler. Munuň bir sebäbi bolsa köpçüligiň öňünde kemsidiji ýa-da biabraý hereket üçin tussaga baryp biljekdigi bilen baglanşykly.

  19. Bu ýerde ýörite zenanlar üçin zenan sürüjisi bolan taksiler bar. Şeýle hem ýörite awtobuslarda we otlydyr, metrolarda zenanlar üçin aýratyn bölümler hem ýerleşdirilipdir.

  20. Dubaý häzirki wagtda hem ägirt uly depginde ösmegini dowam edýär, gurluşyk işleri şäheriň ähli ýerinde diýen ýaly dowam edýär. Ýer ýüzündäki her bäşinji kran şu ýerde ýerleşýär.

.

Azamat KERIMOW,

S. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
buhgalterçilik hasaba alnyş hünäriniň 110-njy toparynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok