Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de dostlukly ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Milli Liderimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Geýdar ogluna berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok