Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan halkara gatnaşyklary ýoluny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde hemişelik Bitaraplygymyzy gazanmagymyz ýene bir uly syýasy üstünligimiz bolup, dünýä doldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda, 25 döwletiň awtordaş bolmagynda BMGniň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmegi türkmen halkynyň taryhynda iň ajaýyp wakalaryň boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMGniň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa gaýtadan ikinji gezek 193 döwletiň goldamagynda ykrar edildi. Bu halkara resminama dünýäniň 47 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi. Bitaraplygymyz hem Garaşsyzlygymyz deýin merdana halkymyzyň asyrlarboýy arzuwlan mukaddesligidir.
Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Baky Bitarap we ylalaşdyryjy merkez hökmünde Türkmenistanyň Ýer ýüzünde amala aşyrýan beýik işleri we öňe sürýän oňyn başlangyçlary ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da beýgelmegine getirýär. Bitaraplygymyz öz gözbaşyny gadymdan — Oguz han atamyzyň döwründen alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz goňşy ýurtlar, ähli halklar bilen agzybir, oňşukly, parahat ýaşamaga çalşypdyrlar. Olar beýleki milletleriň medeniýetini, sungatyny we däp-dessurlaryny hormatlapdyrlar. Häzirki döwrüň halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we täsirli ornuny barha berkidýän hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasly baştutanlygy esasynda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň täze ýeňişli ösüşlere tarap ynamly öňe barýar.
Jeren AKYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler