Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna we ykdysady taýdan durnukly ösüş tejribesine daýanyp, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli, deňhukukly we hoşniýetli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Şeýle gatnaşyklar ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşine uly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň sessiýalarynda diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini araýan, düýbünden täzeçillige ýugrulan çuň manyly taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Bu teklipler halkara hukugynyň kämilleşmegine, parahatçylygyň barha berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne ýaýramagyna ýardam berýär. Halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de asuda ýaşamagy, goňşy döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmagyň tarapdary bolupdyr.
Bütin dünýäde uly gyzyklanma we seslenme döreden, Demirgazyk — Günorta Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana, ondan hem Pars aýlagyna çykalga boljak ulag geçelgesini gurmak, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Eýran gaz geçirijisiniň işe girizilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünde işlenilmegi, şeýle hem Aziýa halklarynyň gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjak Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň, Kerki — Ymamnazar — Akina polat ýolunyň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz barha gülläp ösýär, halkara abraýy artýar, halkymyz bolsa erkana durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara möçberinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Ak mermerli gözel Aşgabadymyz ylalaşdyryjy merkez, dürli ugurlar boýunça ençeme halkara duşuşyklaryň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar.
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler