Ysmanakly pirogyň taýýarlanylyşy

Ysmanakly pirog: gaýnadylyp sowadylan ýarym litr suwy we süýdi garmaly. 200 gram mesge, 0,5 käse şeker, 2 sany ýumurtga, 1 çaý çemçe nahar sodasyny, tagamyna görä duz atyp, mazaly garmaly. Emele gelen garynda un goşup, hamyr ýugurmaly we ýyly basyrmaly. Hamyr demini alýança farş taýýarlamaly: maýda dogralan 2 sany ortaça ululykly düýp sogany ösümlik ýagynda gowurmaly. Ýuwlup maýdaja kerçelenen ysmanagy, narpyzy, ukropkadyr petruşkany, reýhany mazalyja garyp, tagamyna görä duz we burç goşmaly. Soňra sogan gowrulan ýagy otdan aýryp, farşyň üstünden guýmaly. Gaz pejiniň duhowkasyny ýakyp, gyzdyrmaly. Duhowkanyň protiwenini (demir tabany) ýaglamaly, hamyry 4-e bölüp, zuwala etmeli we dörtburçluk görnüşinde ýaýmaly. Olaryň birini protiwende ýerleşdirip, farşy ýazdyryp goýmaly we hamyr bilen üstüni örtmeli. Kadaly ýanýan otda pirogy takmynan ýarym sagatlap bişirmeli. Beýleki 2 bölek hamyrdan ýene-de 1 pirogy edil şeýle usulda bişirip bilersiňiz. Işdäňiz açyk bolsun!

Gözel JORAÝEWA,
S. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat mekdebiniň
buhgalterçilik hasaba alnyş hünäriniň 109-njy toparynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok