Ykdysadyýet näme?

Ykdysadyýet-adalgasy “oikonomia”(hojalygyň dolandyrylyşy) diýen gadymy grek sözünden gelip çykypdyr.Bu adalga köp dürli mana eýe bolmak bilen, adamzat jemgyýeti ösdugiçe onuň many-mazmuny has-da baýlaşýar.

2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna” gol çekildi. Munuň özi ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, hemme taraplaýyn bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ýolunda uly ädim boldy.

Ykdysadyýeti sanlaşdyrmak-bu pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron we ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň önümçilik pudaklarynda we hyzmatlar bazarynda, şol sanda bank ulgamynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar.

«Sanly ykdysadyýet» -adalgasy soňky döwürde syýasatçylar, ykdysatçylar we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýan meselä öwrüldi. Munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirip bolar.
  Sanly ykdysadyýete başgaça elektron ykdysadyýet hem diýlip, onuň esasy aýratynlygy sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysady işi aňladýar. Bu adalgada “ykdysadyýet” sözi esasy kesgitleýji söz bolup durýan hem bolsa, ykdysady işden başga-da, bu özgertmäniň netijesinde jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, adamlaryň özlerini alyp baryşlarynda, dünýägaraýyşlarynda belli bir özgerişlikleriň bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir. Bu ýagdaý sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen täze durmuş hakykatynyň ýüze çykýandygyny görkezýär. “Sanly” sözi bolsa ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň täze görnüşleriniň, hususan-da, internetiň ýüze çykmagy we gündelik durmuşymyzdan başlap, önümçilikde hem-de hyzmatlar ulgamynda olaryň giňden ýaýramagy bilen baglanyşyklydyr.

Umuman, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde daşary ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribäniň öwrenilmegi, bir tarapdan, ylym we bilim ulgamlarynyň düýpli özgerdilmegini, elektron senagatynyň depginli ösdürilmegini, ylmy talap edýän önümçilikleriň döredilmegine işewürlerimiziň giňden çekilmegini talap edýär. Beýleki tarapdan, halkara bilermenleriň nygtamaklaryna görä, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sanlaşdyrylmagynyň artykmaçlyklary bilen bir hatarda, ol birnäçe töwekgelçilikleri hem döredýär. Çünki sanly tehnologiýalara bolan aşa baglylygyň artmagy, şeýle-de maglumatlary gorap saklamak meselesi bilen baglylykda kiberhowpuň artmagy belli bir derejede töwekgelçilikleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şol sebäpli sanly ykdysadyýeti ösdürmek isleýän döwletler bu meselelere ünslerini güýçlendirmeli bolýarlar.

.

Sülgün NEPESOWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok