Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirdi

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň mejlisini geçirdi, ol düzümiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere bagyşlanyp, onda degişli guramaçylyk meseleleriniň hem birnäçesine garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, şu gün guramaçylyk meselelerine garaljakdygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Şol saýlawlar ozalkylardan bütinleý tapawutlylykda, göni däl saýlawlar görnüşinde, demokratik kadalara laýyklykda, ýokary derejede, aç-açanlyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary jemgyýetiň we döwletiň durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ýolunda möhüm tapgyr boldy. Iki palataly, täze parlament ulgamy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmäge, häkimiýet bilen halkyň agzybir, jebis hereket etmegine, her bir adamyň hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň bähbitlerine doly derejede hyzmat etjek häzirki zaman şertleriniň döredilmegine gönükdirilendir.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy M.Taganowyň Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellenilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şol komitetiň täze başlygyny saýlamak baradaky meseläni mejlisiň gün tertibine girizdi.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň teklibi boýunça bu wezipä şu komitetiň başlygynyň orunbasary bolup işleýän D.Gulmanowa görkezildi. Ses bermegiň jemleri boýunça ol Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy wezipesine saýlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, D.Gulmanowa bu komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Soňra Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasaryny saýlamak baradaky meselä seredildi. Bu wezipä Halk Maslahatynyň agzasy S.Jumaýew teklip edildi. Ses bermegiň netijeleri boýunça ol komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanyldy. Şu meseleler boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň degişli Kararlary kabul edildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara ýüzlenip, Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde hem uly wezipeleriň durýandygyny belledi. Halk Maslahaty Mejlis bilen bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada okgunly işleri alyp barmalydyr. Munuň özi ýurdumyzyň syýasy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça nobatdaky çäreleri amala aşyrmaga ýardam eder. Şol wezipeler şu ýylyň 14-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde, şeýle hem 25-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde anyk kesgitlenildi.

Maksat Meredow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok