Özbegistanda prezident saýlawlary geçiriler

Özbegistan Respublikasynda ýakynda Prezident saýlawlary geçirilýär. Şu ýylyň 24-nji oktýabrda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin öňünden ses berişlige badalga berildi.

Prezident saýlawlary üçin öňünden ses berişlige badalga berlendigini Respublikanyň Merkezi saýlaw toparynyň agzasy Gulnoza Ismoilowa habar berdi. Häzirki wagtda ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda ýerleşýän ähli saýlaw uçastoklarynda öňünden ses berişlik üçin degişli işleri alnyp barylýar.

Öňündne ses berilşik 14-nji oktýabrdan 20-nji oktýabr aralygynda geçiriler. Bu ses berişlikden peýdalanjak saýlawçy saýlaw güni ýokdugynyň sebäbini görkezip, saýlaw toparyna ýazmaça ýüz tutmaly bolýar. Saýlaw üçin Özbegistan Respublikasynda hereket edýän bäş syýasy partiýanyň hemmesi dalaşgärlerini hasaba aldyrdy. Olaryň arasynda ýurduň häzirki Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem bar.

20-nji sentýabrda dalaşgärler üçin saýlaw kampaniýasy başlandy. Belläp geçsek, Özbegistanda prezident saýlawlary her bäş ýylda bir gezek geçirilýär.

Emin GYLYJOW,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok