DÜNÝÄDE NETIJELI HYZMATDAŞ

Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň her günki ösüşleri nusgalykdyr. Bu zatlaryň özi Bitaraplyk derejesiniň pugtalandyrmagyň miwesidir.

Türkmenistan sebitiň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň ýagny, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara derejesindäki amala aşyrýan işleriniň möhüm ähmiýetlidigine güwä geçýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň sütüni bolan hem-de ýurdumyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orun eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi taryhy ýoluň uly ähmiýetli wakasydyr.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň özüniň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belleýär. Ýurdumyz bu daşary syýasat ugry bilen dünýä giňişliginde özara hyzmatdaşlykda netijeli hyzmatdaş hökmünde tanalýar.

Penaly ÇOLUKOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok