Bütindünýä azyk önümleri güni

Bütindünýä azyk önümleriniň güni 1945-nji ýylda Birleşen Milletler
Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýylyň 16-njy oktýabrynda bellenilýär.

Bu güni bellemekligiň baş maksady, dünýäde bar bolan azyk meselesi
barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem adamzady açlykdan, iýmitlenmezlikden we garyplykdan halas etmek ýaly global meseleleri çözmek bolup durýar.

Bütindünýä azyk önümleriniň güni 1979-njy ýylyň noýabr aýynda
guramanyň 20-nji umumy konferensiýasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň agza ýurtlary tarapyndan döredildi. Şol wagtdan bäri her ýylyň bu gününde 150-den gowrak ýurtda Bütindünýä azyk önümleriniň güni bellenilip geçilýär.

1981-nji ýyldan başlap, bu sene her ýyl üýtgeşik bir mowzuk bilen
geçirilýär. Mysal üçin: “Açlyga garşy ýaşlar”, “Açlyga garşy halkara bileleşigi”, “Iýmit hukugy”, “Döwür krizisinde azyk howpsuzlygyna ýetmek”, “Açlyga garşy göreşde agzybirlik”, “Durmuş goragy we oba ykdysadyýeti”, “Howa üýtgeýär, azyk we oba hojalygy hem üýtgeýär”. Bu mowzuklaryň şeýle atlandyrylmagy çalt çözgütleri talap edýän meseleleri görkezmek we jemgyýeti çözmäge gönükdirmek maksady bilen baglanyşyklydyr.

Eziz BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok