HEMIŞELIK BITARAPLYK ÝÖRELGESI

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň 106-njy maslahatynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça “2021-nji ýyly-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýanyň kabul edilmegi tutuş dünýäde milli Liderimiziň parahatçylygy we dostlugy berkitmäge gönükdirilen tagallalarynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.  

BMG-niň Merkezi Aziýa sebitine parahatçylyk dörediji tagallalarynyň çäklerinde Türkmenistan hemişelik bitaraplyk konsepsiýasyny iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmekde BMG bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

Milli Liderimiziň öňe süren bu başlangyjynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi gapma-garşylygy peseltmek, çylşyrymly meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrmak, ynanyşmagy, özara düşünişmegi ösdürmek we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak maksady bilen, ýola goýulýan halkara gatnaşyklara kuwwatly itergi berýär.

Taryhy nukdaýnazardan we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryndan nazar alanyňda, türkmen bitaraplygy özüniň mazmuny boýunça Türkmenistanyň içeri syýasatynda we dünýä giňişliginde uly üstünliklere beslenýän başlangyçlarynyň özboluşly ykrarnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem döwrebaplaşdyrmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ösen ýurtlaryň tejribesini öwrenmäge we işe ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Durdymuhammet BAÝMUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok