BITARAPLYK – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda belent ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplyk biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halkara bagtyýarlygy çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.

Halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Bu gün ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmakda gazanylýan uly üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.

Bitaraplyk durnuklylygyň, durmuş adalatlylygynyň we ösüşiň sinonimi hökmünde ýurdumyzyň raýatlarynyň aňyna berk ornaşdy. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa Bitaraplyk birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nyşany hökmünde çykyş edýär.

Goý, toý-baýrama beslenýän hemişelik Bitarap döwletimiz baky bagtyýar bolsun! Ata Watanymyz, mähriban halkymyz üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn!

Yslamberdi TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok