“EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli güni geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisi açyldy. 9-njy oktýabrda bolsa “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli güni geçirildi. Oňa Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy. Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasy “Al Wasl” dabaralar merkezinde geçirildi.

“EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň Milli gününde Türkmen pawilýonynyň öňündäki meýdançada türkmen artistleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr sazlary häzirki zaman Türkmenistanyň, onuň medeniýetiniň we sungatynyň, asylly däpleriniň hem-de ýurdumyzyň durmuşyndaky täze özgertmeleriň, ýurdumyzyň baý taryhynyň hem-de geljegi nazarlaýan mümkinçilikleriniň waspyny ýetirdi.

Türkmen sergisi üçin bölünip berlen ýeriň umumy meýdany 1581 inedördül metre deň boldy. Ýurdumyzyň “Tekmil” kompaniýasy tarapyndan özboluşly binagärlik äheňde gurlan iki gatly binanyň meýdany 976 inedördül metre barabar boldy. Türkmenistanyň pawilýony “Ykjamlylyk” atly tematiki zolakda ýerleşdirilip, onuň binagärlik keşbi okgunly ösüşiň girewi hökmünde hemişelik hereket pikirini beýan edýär. Türkmen sergisiniň girelgesiniň ýanynda heýkel – çüwdürim kompozisiýasy ýerleşdirildi.

Şeýle halkara sergileriň geçirilmegi, ýurdumyza halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreder we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Gaýypnazar BALLYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok