SAGDYN JEMGYÝET – SAGDYN GELJEK

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim we sport baradaky özgertmeleriniň esasynda ýurdumyzyň ýaş neslimizi milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, bäsleşige ukyply bilim ulgamyny kemala getirmek, bilim syýasatynyň esasy maksadydyr.  Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda bimöçber aladalar edilýär.

Il saglygy ýurduň baýlygy bilen deňelýän döwletde ýaş nesliň ruhy kämilligini bilim-terbiýe, ylym, hünär bilen kämilleşdirmek işi olaryň beden saglygyny gorap saklamak babatdaky aladalar bilen utgaşdyrylýar. Ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen ýokary derejede gurlup ulanylmaga berilen sport desgalarynda türgenleşip, öz saglyklaryny berkidýärler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe talyp ýaşlaryň diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşikleriniň netijeleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýerine düşýändigini görkezýär. Munuň özi bizi, talyplar bilen bedenterbiýe-sport ugrunda iş alyp barýan hünärmenleri diýseň guwandyrýar we täze gözleglere, okuw-türgenleşik sapaklaryna has yhlasly, döredijilikli çemeleşmäge ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň sporta üns bermegi netijesinde ýurdumyzda sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredildi, dünýä derejesine laýyk gelýän sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Welotrek sport we Tennis toplumynda hem şeýle iri derejeli ýaryşyň geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, döretmäge, sport bilen meşgullanmaga çäksiz mümkinçilikleri döredip beren Türkmen sportuny belent sepgitlere ýetiren, il-halkyň saglygy barada gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Maksat ORAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Talyplar sport
klubynyň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok