Şekilendiriş sungatyndaky ýaş ýeňijiler

Eziz Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Gahryman hem mähriban arkadagymyz bolan Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýolbaşçylygynda ýürek buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyza uly taýýarlyklar görülip uludan baýram edilip bellenilip geçildi. Geçilen 30 ýylyň içinde Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girmegi başardy. Bitirilen uly-uly işler yetilen üstünlikler muňa mysal bolup biler. Bilim-ylym ulgamynda, medeniýetde, sungatda syýasatda dünýä döwletleri bilen dost-doganlykly gatnaşyklar edilip sanly bilimi ösdürmek babatda uly işler ýola goýuldy. Gahryman Arkadagymyz halkymyz üçin elinde baryny gaýgyrman zähmet çekýän zähmetsöýer watandaşlarymyzyň çeken zähmetini unutmaýar. Olary baýraklar, medallar bilen serpaýlap durýar. Biz hem muňa jogap edip elimizde baryny gaýgyrman bilim-ylym ulgamynda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäne gatnaşýan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymlaryndan başlap, talyplaryna çenli watan söýgüsi joşup dur. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymy we heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň her temany çuňluk bilen wasp etmegi başarýan heýkeltaraşymyzyň heýkel toplumlaryny döretmek bilen  “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandylar şa serpaýyna mynasyp boldular. Medeniýetde we sungatda at gazanan işgäri sungaty öwreniji mugallym Azat Annaýewe ylmy-döredijilik işlerinde sungaty öwrenjilik synyny bermekde uly işleri alyp baranlygy üçin, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory Ahatmyrat Nuwwaýew hem, döwletimiziň täze nesillerini döwrebap derejede ylym-bilim bermekde hem-de ylmy işlerinde görkezen netijesine laýyklykda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmenistanyň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigine gatnaşyp gowy netijeler alan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mygallymy Gülara Ereşowna Babaýewanyň birnaçe kulalçylyk sungatyna degişli küýze eserlerinde asudalygyň we Watanyň waspy uludan bellenilýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mygallymy Ogulgerek Muhammedowna Myradowanyň owadan pikirlerinden syzylyp çykan nepis şaý-seplerinde hem asudalygy, parahatçylygy we owadanlygy görmek bolýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Muhammetmyrat Hojanazarowiç Muhadowyň “Asudalyk” ýaly heýkel toplumynda Watanymyzyň waspy beletde tutulýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Maksat Döwletowiç Bazarowy “Parahatçylygyň buýsanjy”, “Bogaç han”, “Bedew atym” ýaly birnaçe heýkel eserlerinden, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Döwran Gurbandurdyýewiç Ataballyýewiň hem, işlerinde binagärlik sungatyny dürli pikirler, usullar bilen täze-täze ymaratlaryň gurluş taslamalaryny halk köpçüligine hödürläp, gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Dizaýn” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Gammar Bäşimgeldiýewiç Azalow hem, öz taslamalarynda döwrümize laýyk gelýän täzeçilligi ündeýän her bir eserinde halkyň söýgüsini gazanmagy başaryp, Gahryman arkadagymyz tarapyndan bularyň her birine şa serpaýlar, zynjyrdyr pul baýraklary bilen sylaglandylar.   

Şu pursatdan peýdalanyp, medeniýetde, sungatda we durmuşyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän, zähmetsöýüjileri we biz ýaşlaryň çekýän zähmetlerimizi medaldyr, baýraklar bilen we ýurdumyzyň ösmeginde uly-uly işleri bitirýän gahryman arkadagymyza talyp ýüregimizden uly sagbolsunymyzy aýdýaryn.

.

Aýgül Şöhradowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
 akademiýasynyň “Sungaty öwreniş”
kafedrasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok