AK BAGTYŇ JYLAWY ELIMIZDE

Taryhyň uzak menzillerinde berkarar döwlet islän halk, islegine ýetdi. Arzuwlar wysal boldy. Akyldar şahyrymyzyň arzuwlan Berkarar döwletiniň ak bagtynyň jylawy halkyň öz eline geldi. Garaşsyzlyk bagtynyň kalplarymyza köwsarladan erkinlik şemaly täze kemala gelen türkmen döwletine — Garaşsyz Türkmenistana halkara gatnaşyklarda öz ýoluny saýlamagy we ony giň jahana ykrar etdirmegiň jogapkärli wezipesini hem getirdi.

Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» eserini okanyňda, dawadan sungatyň, ýaragdan du­taryň rüstemdigi hakyndaky düşünjäniň türkmeniň aňyna, gany­na gadymyýetden ornandygy hakdaky ýazgylar seni özüne çekýär. Kitapda agzalyp geçilişi ýaly, bitaraplyk diýlende-de, uruş-galmagalyň, dawa-jenjeliň öňüni mukamyň güýji bilen basyp ýatyrmagy başaran Şükür bagşy göz öňüňde janlanýar.

Oguz han atamyzyň agzybir hem jebis ilinden çykan kämil goşuny bilen ýöriş edip baran ýurdunda gyrgynçylyk, paýhynlamak maksadyna gulluk etmän, eýsem, diňe asuda hem parahat durmuşyň, erkana ýaşaýşyň hatyrasyna öz pikirlerini we tekliplerini beýan edip, adalatly iş alyp barmaklyk ýaly beýik ynsanperwerligiň nusgalyk häsiýetini özünde jemländigi baradaky taryhy hakykat ýurdumyzyň baky Bitaraplyk derejesiniň hukuk ýagdaýynyň düýp mazmun esasyny düzýär.

Ynha, türkmeniň ýoly hut şeýle-de bolmaly. Ynha, şeýle niýeti kalbyna beslän türkmen 1992-nji ýylyň 2-nji martynda dünýäniň ynsanperwer häsiýetli iň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasyna öwrüldi. 2007-nji ýylyň dekabrynda sebitiň döwletleriniň goldamagynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagy bilen ikinji gezek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň abraýynyň günsaýyn barha arşa galýandygyndan nyşandyr.

Gurbangeldi HAÝDAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok