Türkmenistanly wekiller XIII Daşkent halkara kinofestiwalyna gatnaşdylar

Ýakynda, Özbegistanda XIII Daşkent halkara kinofestiwaly geçirildi. Bu festiwala, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleri hem gatnaşdylar.

Festiwalyň çäginde Buhara döwlet uniwersitetinde Türkmen kinosynyň günleri geçirildi. Ilkinji gezek 1968-nji ýylda geçirilen bu kinofestiwal Ýer ýüzündäki meşhurlygyny barha artdyrýar. Muny ýarym asyrdan gowrak taryhyň dowamynda 13-nji gezek geçirilen festiwal hem subut etdi.

«Ýüpek ýolunyň merjeni» atly festiwala gatnaşmak üçin Aziýadan, Afrikadan we Latyn Amerikasyndan 50-ä golaý döwletiň wekilleri Özbegistanyň paýtagtyna ýygnandylar. Festiwala Lýuk Besson, Mithun Çakraborti, Stiwen Sigal, Huma Kureşi, Žerar Depardýe, Filipp Kirkorow ýaly dünýä belli ýyldyzlar hem gatnaşdy.

Türkmen kinosynyň günlerinde oňa gatnaşyjylara režissýorlar Isgendermuhammet Annamuhammedowyň «Dutaryň owazy», Wepa Işangulyýewiň «Galkynyş», Sahysalyh Baýramowyň «Jeýhunyň ýakasy», Myrat Orazowyň «Magtymguly» we Şyhmämmet Mollaýewiň «Gumly gelniň aýdymy» ýaly filmleri görkezildi.

Guwanç ALLABERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok