Matam güni

Şu gün gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde hemme ýerlerde aýat-doga okalýar, sadaka berilýär. Onuň sebäbi Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenilýär. Geçen onýyllyklar halkymyzyň hakydasyndan ýürek eziji ýertitremäniň pidalary bolan ýakynlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň atlaryny öçürip bilmedi. … Irden aşgabatlylaryň we myhmanlaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşen hem-de gaýduwsyz gahrymanlara çuňňur sarpanyň, türkmen halkynyň özüniň beýik geçmişine hormatynyň ägirt uly nyşany bolan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldiler. Döwlet Baştutanymyz bu senä aýratyn duýgy bilen garaýar. Çünki şol pajygaly gijede tebigy heläkçilik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy –  1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe – ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhammet Annaýewiň ömür tanapyny üzdi. …

Häzirki wagtda ýurdumyz milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döredijilikli içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Döwletimizi mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Mähriban topraga çäksiz söýgi, bitewülik we agzybirlik, milli ruhuň esasyny hem-de many-mazmunyny düzýän öz güýjüne bolan ynam we ynsanperwerlik agyr synaglardan üstünlikli geçmäge hem-de Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň paýtagty we buýsanjy bolan mähriban Aşgabadymyzy gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berdi. Adam, jemgyýet we döwlet, olaryň abadançylygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasyny düzýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň her bir raýatynyň asuda we bolelin durmuşda ýaşamagyny, ertirki gününe bolan ynamyny üpjün etmek baş wezipedir. Şu babatda häzirki döwürde paýtagtymyz “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülip, barha gözel keşbe eýe bolýar.

Türkmen jemgyýetiniň mizemez ýörelgeleriniň biri-de milli gahrymanlarynyň hatyrasyny hemişe saklamak bilen baglanyşyklydyr. Olaryň hatarynda Gökdepe galasyny goraýjylar we adamzat taryhynda iň aýylganç heläkçilik bolan 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweşlerine gatnaşyjylar bar. Şu gün, Hatyra güni biziň halkymyz öz gahrymanlaryny hatyralap, olaryň gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýär.

Aýratyn bellemeli ýene bir zadymyz, milli ruhumyza siňen Halkymyz Watanymyzyň garaşsyzlygy ugrunda duşmana garşy gaýduwsyz göreşen Gökdepe galasynyň ýaşaýjylary bolan ýaşululary, zenanlary we çagalary ýatlap matam tutýarlar. Olar abanan howpdan birjik-de heder etmän, galany batyrlyk bilen goranlar bilen birlikde, güýji agdyk gelýän duşmana berk gaýtawul berdiler. Biziň her birimiz gahrymançylykly taryhymyzyň her bir döwrüni ýatlap, ady rowaýata öwrülen gahrymanlarymyzyň gaýduwsyzlygy baradaky hakydany nesilden-nesile geçirýäris.

Bu gün hatyra çäreleri we sadakalar paýtagtymyzda hem-de Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda geçirilýär. Goý, Beýik Biribar şu gün okalan ähli aýat-dogalary öz dergähinde kabul etsin! Goý, türkmen topragynda asudalyk we agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün! Beren sadakalaryňyz kabul bolsun!

Şöhrat ATAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary inistitutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok