Russiýaly kinorežisýor Klim Şipenko asman giňişliginde film düşürmegi meýilleşdirýär. Ýakyn günlerde surata düşüriljek ilkinji kino üçin kosmosa gitmäge rugsat berildi. “Soýuz MS-19” kosmos gämisiniň komandiri Anton Şkaplerow, kinorežissýor Klim Şipenko we aktrisa Ýuliýa Peresild asman giňişligine çykmak üçin taýýarlyk işleriniň ahyrky tapgyrlary dowam edýär.
Kosmos gämisi 5-nji oktýabrda asman giňişligine göteriler we ol ýerden 17-nji oktýabrdan gaýdyp geler. Az adamdan ybarat bolan surata düşüriş topary kosmonawtlar ýaly taýýarlyk işlerden geçerler.
Kosmos düzgünlerine görä, ätiýaçdaky ekipaž hem edil kosnonawtlar ýaly yzygiderli türgenleşik geçýär: Olaryň arasynda kinooperator Alekseý Dudin we aktrisa Alýona Mordowina hem bar.
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby
Teswirler