«GARAŞSYZLYK – BAGTYMYZ» ATLY TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza peşgeş beren «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasyny institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew alyp bardy. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimizň bu täze kitabynyň jemi 13 sany bapdan ybarat bolup, onda Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra amala aşyrylan işler, onuň taryhy ähmiýeti barada birnäçe maglumatlaryň getirilendigini aýdyp geçdiler. Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gytja Atdaýewa öz çykyşynda täze kitabyň «Howpsuz, özerkli ýaşaýşyň galasy», «Türkmen halky – döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi», «Budur türkmen binasy!», «Galkynyşyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň täze taryhy eýýamy», «Gözbaşlar joşly bolsa, bagtyňdan rowaçlyk hem üstünlik çykar», «Türkmen topragy – bereket mekany», «Türkmen halky – dörediji we gurujy halk», «Nusgalyk işler, ilkinjilik, täze önümçilikler, baý tejribe – ösüşiň özeni», «Ýoluňyz ak bolsun!», «Kalbyňyz hem ojagyňyz nurly bolsun!», ««Ýaşyl ykdysadyýet» – ýaşaýyş ýörelgesi», «Bazary baryň baýlygy bar», «Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, şu günlüdiris, geljeklidiris» atly baplaryny we hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň žurnalistleri, internet boýunça milli habar beriş ulgamynyň barha giňelýändigi baradaky sözlerini aýdyp geçdi.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok