Şanly Garaşsyzlygymyzyň ýubileý baýramyna bagyşlanan “Meniň Watanym” atly kinofestiwalynyň jemi jemlendi

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileý baýramy mynasybetli geçirilýän medeni çäreleriň çäginde, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan “Meniň watanym atly” kinofestiwalynyň ýeňijileri yglan edildi. Kinofestiwalda emin agzalara birnäçe çeper-publisistik we hronikal-dokumental filmler hödürlenildi.

Şu gün bolsa, “Meniň Watanym” atly kinofestiwalynyň jemi jemlendi. Kinofestiwalyň emin agzalary  tarapyndan uly işler alnyp baryldy we oňa hödürlenen dürli ugurlar boýunça döredilen filmlere tomaşa edildi. Bu baradaky habary atavatan-turkmenistan habar saýty ýetirýär.

Eminler topary görkezilen filmlerden iň gowusyny saýlap aldylar. Şol filmleri hem ýeňiji diýlip hasap etdiler. “Meniň Watanym” atly çeper-publisistik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwalynyň ýeňijilere baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar, ýörite diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


Yslamberdi Tyllanurow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok