2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan iýun aýy aralygy Awstriýadan Türkmenistana 19 016 tonna haryt eksport edildi. Bu harytlaryň umumy bahasy 8,5 million ýewro barabardyr. Bu barada Trend ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp habar berýär.
Ýokarda görkezilen seneler aralygynda Türkmenistana 4 242 ýewro mukdarda kofe, çaý we jaz, 42 133 ýewro – etden, balykdan ýa-da leňňeç şekillilerden, mollýuskalardan ýa-da beýleki suwda ýaşaýan oňurgasyz jandarlardan taýýar önümleri, 677 327 ýewro – farmasewtik önümleri, 1,1 mln ýewro – keramiki önümleri import etdi.
Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda Awstriýa Türkmenistana 15 217 ýewro organiki däl himiki maddalary, gymmat bahaly metallaryň organiki ýa-da organiki däl birleşmelerini, seýrek duş gelýän metallary, radioaktiw elementleri ýa-da izotoplary, 3 730 ýewro – organiki himiki maddalary, 4,1 mln ýewro – ýadro reaktorlary, gazanlary, enjamlary we mehaniki gurluşlary, 114 133 ýewro – elektrotehnika we enjamlary, şeýle-de 135 811 ýewro – demir ýa-da polat önümlerini eksport etdi.
Muhyýewa Maýagözel
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy
Teswirler