Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy. Bu baradaky habary «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri “Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde açylan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergide goýlan suratlarda türkmen nakgaşlarynyň Watana söýgisi beýan edilýär” diýip habar berýär.
Natalýa Kaluginanyň serginiň merkezinde goýlan «Nowruz» atly işinde howasy tämizden tereň, erigiň näzik gülleriniň ysynyň bark urýan döwri — pasyllaryň ajaby şekillendiripdir.
Natalýa Pawlowna «Magtym agzam kümmetine barýan ýol» atly beýleki bir suratynda Garrygala daglarynyň arasynda ýitip giden, zyýaratçylaryň ýol salan gadymy ýadygärligi şekillendirilipdir.
Mundan başgada tanymal nakgaşlalryň birnäçesinip eserleri sergilenipdir. Hususan-da nakgaş Berdisähet Gurbansähedow, Çokan Çokanowyň, Rustam Abdullaýewiň, Berdi Çaryýewiň şeýle-de Juma Aman Durdynyň eserleri sergä öz boluşly bezegini berýär.
Öwezgeldi Öwezgeldiýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler