Türkmenistanyň wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn tertipde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. Bu barada TDH habar berýär.

Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde check-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, mediaforumyň geçirilmegi sebitde we ählumumy derejede žurnalistikany ösdürmekde tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilik berýär, Hazar sebitiniň döwletleri üçin bitewi maglumat giňişligini döretmäge ýardam edýän ugurlary kesgitleýär.

Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar hem-de iri halkara çäreler geçirilýär. Bularyň ählisi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriň ugurdaş düzümleriniň arasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki media önümlerini döretmek we olary ilerletmek wajypdyr.

Bu sebitiň ýurtlarynyň arasynda maglumat ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Hazarýaka döwletleriň etnografik aýratynlyklarynyň syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmäge, Hazar sebitiniň ýurtlarynyň degişli edaralarynyň arasynda ýokary hilli etnosyýahatçylyk hem-de ekologik serişdeleri döretmäge we alyşmaga degişli maslahatlary hem-de taslama başlangyçlaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

VI Hazar mediaforumynyň çäklerinde “Hazar serhetsiz” atly halkara bäsleşigiň jemleri jemlenildi. “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň işgärleri hem “FotoHazar” we “Tomaşaçylaryň göwnünden turmak baýragy” ugurlarynda bäsleşigiň ýeňijileri boldular.

Umuman, bu duşuşygyň geçirilmegi özleriniň täzeliklerini, maglumat-seljeriş materiallaryny we beýlekileri meşhur daşary ýurt serişdelerinde ýerleşdirmegiň hasabyna, milli köpçülikleýin media, şol sanda türkmen media serişdelerini ulanyjylaryň hataryny giňeltmegiň ýolunda ýene-de bir ädim boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok