Türkmenistanly talyp «Евразия Global» VI Halkara ýaşlar forumynyň ýeňijisi boldy

Orenburgda «Евразия Global» VI Halkara ýaşlar forumynyň ýapylyş dabarasynda Russiýanyň Ýaşlaryň işi boýunça federal agentliginiň ýaşlar taslamalarynyň Bütinrussiýa bäsleşiginiň we A.M. Gorçakow adyndaky açyk diplomatiýany goldamak Gaznasynyň grant bäsleşiginiň jemi jemlendi. Foruma jemi 78 teklip geldi, taslamalaryň 34-si bilen bäsleşigiň bilermenleri göni tanyşdyryldy.

Olaryň taslamalary 90-dan gowrak taslamadan iň gowulary diýlip ykrar edildi. Ýeňijileriň hersi 300 müň rubldan dört we 200 müň rubldan bäş grant aldylar.

Türkmenistandan Orenburg döwlet uniwersitetiniň talyby Aziza Hemraýewa hem ýeňiş gazandy. Ildeşimiz «Международный образовательный лагерь «New Young Way» taslamasyny teklip etdi. Taslamany durmuşa geçirmäge 200 000 rubl berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok