Yahoo! – bir wagtlar dünýäde iň meşhur maglumat portllarynyň öňde baryjysydy. “Verizon” kompaniýasy 5 milliard dollarlyk satuwyny ýapdy. Yahoo! indi “Apollo Global Management” -iň maýa goýumyna öwrüldi.
Hyzmatyň özüne görä, bu şertnama “kompaniýa üçin täze döwür” bolar. 3dnews habar gullugynyň habaryna görä, “Apollon Global Managment” täze IT emläge maýa goýmagy we ähli iş orunlary gorap saklamaga, we geçiş döwrüni minimum derejä ýetirjekdigine wada berdi.
Ýatlap geçsek, Yahoo! Stanford uniwersitetiniň talyplary bolan Jerry Yang we David Filo tarapyndan esaslandyryldy. Ol ilki başlarda gözleg matory hökmünde ulanylsa-da wagtyň geçmegi bilen, elektron poçta, messenjer we şuňa meňzeş birnäçe hyzmatlary özünde jemledi. 2008-nji ýylda “Microsoft” Yahoo!-ny satmaklary üçin 44,6 milliard amerikan dollaryny hödürledi. Emma bu teklip Yahoo tarapyndan ret edildi.
Aýjan Orazowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
insitutynyň “Dünýä ykdysadyýeti”
hünäriniň 4-nji ýyl talyby
Teswirler