Çagalar üçin «Alabaý» atly spektakl taýýarlanylýar

Baş drama teatrynda çagalar üçin ýörite «Alabaý» atly spektakl taýýarlanylýar. Oýnuň edebi esasyny ýazan ýazyjy we dramaturg Hemra Şirow, oýny goýujy režisýor Ylýas Durdyýew. 

Oýun barada biraz durup geçenimizde: Alabaý atly güjüjek dowar goragçysy bolmak üçin obadan çöle gidýär. Ýöne goşda başga-da iki it bar. Olaryň biri bu güjügi halamaýar, beýlekisi bolsa oňa örüde gerekli endikleri öwredip başlaýar. Alabaý diýseň üşüklije, ýöne öte sadalygy zerarly hemişe ýüňsakal bolýar. Gowy ýeri – ol hemişe kyn ýagdaýdan baş alyp çykmagyň hötdesinden gelýär..

Spektakla gatnaşýan aktýorlar dört aýakly haýwanlaryň gylyk-häsiýetini takyk görkezmegiň hötdesinden gelipdirler.

Nakgaş Güljemal Saparowa sahnany milli äheňde bezäpdir. Öri meýdany, gum depeleri, süýnmek gabaradan sallanyp duran ýüň sapaklar, çöl ösümlikleri bolsa türkmen keçelerinde ulanylýan gury baldajyklar şekilinde berlipdir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok