GYZYKLY GEOGRAFIÝA

  • Pluton planetasynyň bir ýyly Ýeriň 247 ýylyna barabardyr.
  • Manhetten adasy indeýlerden 24 dollara satyn alnypdyr.
  • Biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynyň 24-nji awgustynda Wezuwiýa wulkanynyň atylmasy bilen diňe bir hemmä belli Pompeý şäheri däl, eýsem, Gerkulandi we Stabiý şäherleri hem Ýeriň ýüzünden ýok bolupdyr.
  • Ýer ýüzüniň ilatynyň sany soňky 40 ýylda 3,1 milliard adam artypdyr.
  • Günbatar Awstraliýadaky Hilýer kölüniň näme üçin açyk gyzyl reňkdediginiň sebäbini henize – bu güne çenli bilip bilenoklar.
  • Ýer ýüzünde iň gurak ýer Antarktidanyň Gury jülgesi hasap edilýär. Ol ýerde indi iki million ýyl bäri hiç bir ygal ýagmandyr.
  • Afrika iň köp dilli yklym hasap edilýär. Afrikanyň ýaşaýjylary iki müňdenem gowrak dilde gepleşýärler. Olaryň arasynda iň kiçi dil bolan bilýa dilinde diňe 1998-nji ýylda Kamerun bilen Nigeriýanyň serhedinde ýaşaýan 87 ýaşly bir garry zenan gepleýär eken.
  • Gollandiýa bir wagtlar Niderlandlaryň welaýaty eken. Eýýäm XVI-XVIII asyrlarda Niderlandlaryň syýasy we ykdysady merkezi bolupdyr. Şondan bäri bu welaýatyň taryhy ýurduň umumy taryhy bilen şeýle bir gatyşyp gidipdir welin, indi Niderlandlar Gollandiýa diýlip atlandyrylyp başlapdyr.
  • Stambul iki yklymda ýerleşýän dünýäniň ýeke-täk şäheridir. 
  • Kanadadaky kölleriň sany dünýäniň ähli kölleriniň sanyndan hem köpdür.
  • Ýaponiýanyň 70 göterimi daglyk ýerlerdir.
  • Ýaponiýanyň oba-şäherleriniň köçeleriniň atlary ýokdur.
  • Ýaponiýa 3900 adadan durýandyr.
  • Indoneziýada 17508 ada bardyr.
  • Beýikligi 8000 metrden geçýän daglaryň 14-si Aziýada ýerleşýär.
  • Dünýäniň iň beýik dagy Gawaýlardaky Mauna-Kea dagydyr. Onuň beýikligi okeanyň düýbünden 10203 metrdir. Onuň 4205 metri deňiz derejesinden ýokarda, galan bölegi bolsa deňiz derejesinden aşakda ýerleşýär.
  • Amerikanyň  Birleşen Ştatlarynyň iň kiçi paýtagty Wermont ştatynyň paýtagty Monpelýe şäheridir. Onuň iki müňe golaý ýaşaýjysy bardyr.
  • Dünýäde iň ýelli ýer Antarktikadaky Wiktoriýa Ýeri hasaplanýar. Bu ýerde ýeliň tizligi sagatda 215 kilometre çenli ýetýär.
  • Ekwator çyzygy dünýäniň 13 ýurdunyň üstünden geçýär. Birleşen Milletler Guramasynyň uniwersiteti Tokioda ýerleşýär. Antarktikadaky Ueddel deňzi dünýädäki iň arassa deňiz hasaplanýar.
  • Günorta Amerika ýurtlarynyň arasynda diňe iki ýurduň — Boliwiýa bilen Paragwaýyň okeana çykalgasy ýokdur.
  • Amsterdam we Antwenpen şäherleriniň hersinde 26 ada bar. Sankt-Peterburgda 101, Wenesiýada 118 ada bar.
  • Çiliniň Atakama çöllüginde ýerleşýän Kalama şäherinde hiç wagt ýagyş ýagmaýar. Saud Arabystanynda ýekeje-de derýa ýokdur.
  • Ob derýasynyň 150 000 goşandy bardyr.
  • Nil derýasy dünýäde ekwatordan gözbaş alyp, aram klimata akýan ýeke-täk derýadyr. Beýleki derýalar onuň tersine akýarlar.

Toplan: 
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär mekdebiniň mugallymy 

Meretmämmedowa Göwher

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok